2021-nji ýylyň 5-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň gurnamagynda Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň alymlary, binagärleriniň we institutyň professsor-mugallymlarynyň hem-de talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda “Aşgabat – Aziýanyň merjeni” atly ylmy-amaly maslahaty geçirildi.
Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň Ýaş alymlar Geňeşiniň başlygy, aspirant Jennet Ezimowa hem-de ylmy işgärleri Merdan Nepesow we Atageldi Nepesowlar köp wakalary başyndan geçiren Aşgabat şäheriniň geçen taryhy ösüş ýoly hem-de häzirki wagtda paýtagtymyzy ösdürmekde alnyp barylýan işler barada takyk we gyzykly maglumatlar bilen çykyş etdiler. Institutyň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň uly mugallymy, filosofiýa ylymlarynyň kandidaty Ogulgurban Ezimowa häzirki döwürde işjeň-syýasy, işewür, medeni we jemgyýetçilik durmuşynyň jemlenen ýeri bolan Aşgabat şäheriniň ekologiýa abadançylygy barada belläp geçdi.
Hatyja Döwletnazarowa
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy fakultetiniň II ýyl talyby
“Paýhas we parasat” ylmy gurnagynyň agzasy
Teswirler
Salam Hatyja men Araz
Salam Hatyja gowymyñ men Araz ýadyna düşýän bolsam