Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky ilçihanasy, Ermenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Ýerewan şäher häkimliginiň we Karen Demirçýan adyndaky Ýerewan metrosynyň ýardam bermeginde Bitaraplygyň şanly 25 ýyllygy we Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli «Türkmenistan – Parahatçylygyň we ynyşmagyň watany» atly surat sergisini geçirýär. Bu barada ilçihananyň resmi saýty habar berýär.
Türkmen halkynyň taryhyny, iň baý özboluşly medeniýetini we köp asyrlyk däp-dessurlaryny, Aşgabadyň paýtagtynyň binagärlik nyşanlaryny, tebigy gözelliklerini, şeýle hem garaşsyzlyk döwründe ýetilen ajaýyp üstünliklerini beýan edýän suratlaryň sergisini paýtagtyň raýatlary we myhmanlary iki hepdelik Ýerewan şäherindäki «Bagramýan» metro stansiýasynda görüp bilerler.
Şeýle hem, Ýerewan şäheriniň hyzmatdaşy bolan Türkmenistanyň ak mermerli paýtagty Aşgabat şäheri hem şu ýyl ýubileý ýyllygyny uludan belleýär. Aşgabadyň 140 ýylynyň we Ýerewan metrosynyň 40 ýylynyň dolmagy jemgyýetçilik-syýasy ähmiýetli wakalaryň biridir.
Sähet Gapurow,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň
Inžener-mehanika fakultetiniň talyby.
Teswirler