«Ülkämiziň guşlary» atly sergi geçirildi

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýeti bilen bilelikde Guşlaryň halkara güni mynasybetli «Ülkämiziň guşlary» atly sergi geçirdi. 

Serginiň çäklerinde fewral we mart aýlarynda muzeýde talyplaryň we mekdep okuwçylaryň arasynda guşlar boýunça geçirilen bäsleşigiň jemleri jemlenip, ýeňijilere Türkmenistanyň Döwlet muzeýi tarapyndan Hormat haty we ýadygärlik kitapçalar hem-de Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýeti tarapyndan sowgatlar gowşuryldy.

Sergide Türkmenistanda duş gelýän guşlaryň dürli görnüşleriniň gäpleri, ýumurtgalary, höwürtgeleri, heýkelleri, suratlary we haly pannolar ýerleşdirilip, onda guşlaryň köpdürlüligi we owadanlygy görkezildi. Sergide Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylary tarapyndan hödürlenen guşlaryň suratlary, janly toty guşlaryň dürli görnüşleri hem-de Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýeti tarapyndan wagtlaýyn berlen guşlaryň gäplerini synlamak bolýar.

Azat Mamedkulyýew,
Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok