Garagum derýasy

          1999-njy ýylyň 4-nji maýynda emeli derýa diýlip atlandyrylan Garagum ka-naly adam eli bilen döredilen täsin bir gudratdyr. Bu ajaýyp emeli derýanyň  gurulmagy diňе bir soňky 100 ýyllyklarda däl,  eýsem  türkmеn halkynyň uzak taryhynda-da,  asla deňi-taýy bolmadyk wajyp bir, ykbal çözüji wakadyr. Garagum derýasy Garagum çölüniň içi bilen geçip, Lebap, Mary, Ahal we Balkan welaýatlarynyň halkyny agyz suwy bilen üpjün edýän,  kenar ýaka ilatly ýerlerini bolsa gülzarlyga, bagy-bossanlyga we azyk bolçulygyna öwürýän rysgal bulagydyr. Adam eli bilen döredilen bu täsin emeli derýanyň gurluşygy dört tapgyrda amala aşyrylypdyr.  Amyderýanyň çep kenarynda ýerleşýän Bosagadan –  Başsakadan gözbaş alýan Garagum derýasynyň Amyderýa – Murgap derýa aralygyndaky, uzynlygy 400 kilometr bolan birinji tapgyrdakysynyň gurluşygy 1954 – 1959-njy ýyllarda tamamlandy we şol döwürde suwarmak üçin 100 müň gektar ekiş ýerleri taýýarlanyldy. Bu derýanyň uzynlygy 140 kilometr  bolan Murgap – Tejen aralykdaky ikinji tapgyrdakysynyň gurluşygy 1960-njy ýylyň noýabr aýynda tamamlandy. Murgap – Tejen aralygynda 1961-nji ýylda uly Hanhowuz – Oguzhan suw howdany gurlup işe girizildi. Bu suw howdanynyň tutumy 875 million inedördül metrdir. Suwarmak üçin Tejen topragynda 70 müň gektardan gowrak suwarymly ýerler taýýarlanyldy we 30 müň gektar suwaryş ýerleriniň suw üpjünçiligi gowulandyryldy.

          Garagum  derýasynyň Tejen – Aşgabat aralygyndaky, uzynlygy 257 kilometr bolan üçünji tapgyrdakysy 1961 – 1962-nji ýyllarda tamamlandy we netijede, 1962-nji ýylyň 12-nji maýynda Amyderýanyň suwy Aşgabada geldi. Onuň paýtagta gelmegi bilen Aşgabadyň golaýynda Gurtly suw howdany döredildi.  Garagum  derýasynyň bol suwy bilen 1965-nji ýylda ýurdumyzda henize çenli görlüp-eşidilmedik möçberdäki  hasyl  –  553 müň tonna pagta taýýarlanyldy. Bu görkeziji bolsa 1955-nji ýyldaky pagta hasylyndan iki essе köpdir. Garagum derýasynyň suwy 1967-nji ýylda Gökdepe şäherçesine bardy we ýene-de 100 müň gektar ýerleri suwarmak mümkinçiligi döredi.

          Garagum derýasynyň dördünji tapgyrdakysy 1971-nji ýylda başlandy we 1973-nji ýylda Aşgabatda 2 sany bent, şeýle hem Köpetdag bendi we Köpetdag suw howdany guruldy. Soňra derýanyň suwy Serdar we Bereket şäherlerine çenli alnyp baryldy. Ýagny, Garagum derýasy 1979-njy ýylda Gyzylarbada – Serdar şäherine, 1981-nji ýylda bolsa Gazanjyga – Bereket şäherine ýetirildi. Bereketden Balkanabada we Etrege çenli suw turbalar arkaly çekildi. 1988-nji ýylda Garagum derýasynyň gurluşygy doly bes edildi. Başky meýilnama boýunça Garagum derýasy 1995-nji ýyla çеnli Hazar dеňzinе ýеtirilmеlidi. Emma ekologiýa ýagdaýynyň ýaramazlaşmagy, şеýle hem Sibir dеrýalarynyň suwyny Orta Aziýa akdyrmak boýunça işlеriň togtadylmagy sеbäpli Garagum derýasynyň günbatara tarap gurluşygy bеs edildi. Gazanjykdan – Bereketden  aňryk  emeli derýanyň suwy turba salnyp Nеbitdaga – Balkanabada, Krasnowodskä – Türkmenbaşa ýеtirildi.Şeýlelikde, Garagum derýasynyň Gökdepe – Bereket aralygyndaky dördünji nobatdakysynyň gurluşygy hem çalt tamamlandy. Netijede, emeli derýanyň ugrunda Başsakadan Bereket etrabyna çenli 1100 kilometrlik suw akabasy emele geldi.

Garagum derýasy ýurdumyzyň ykdysady we durmuş-medeni taýdan ösmegine şu güne çenli barha uly itergi bolup, halkymyzyň bähbidine hemmetaraplaýyn hyzmat etdi hem-de bu hyzmaty şu günki günde-de dowam edýär we geljekde-de dowam eder. Hormatly Prezidentimiz  hem özüniň «Suw – ýaşaýşyň we bolçulygyň çeşmesi» atly ajaýyp kitabynda Garagum derýasy barada aýratyn durup geçmeklik bilen: «Garagum derýasynyň hanasyny, suw göteriji desgalaryny we beýleki düzümlerini döwrebaplaşdyrmak, hem-de durkuny düýpli täzelemek boýunça işleriň depginini artdyrmak möhümdir» – diýip belläp, oňa aýratyn ähmiýet berýär.

Garagum derýasynyň suwy ekologiýa taýdan örän arassadyr, çünki onuň täsir edýän çäklerinde emele gelýän zeýkeş suwlary Amyderýa akdyrylmaýar. Ýeri gelende aýtsak, bu  emeli derýa Jeýhuny – Amyderýany etekläp oturan gadymy Amuldan Merwe, Merwden Mänä, Nusaýa gaýdýan gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň ugruny ýadyňa salýar. Hut şu jähtden Garagum derýasy Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça döredilen emeli derýa diýsek hem hakykatdan daş düşmeris. Garagum derýasy dünýä tejribesinde örän çalt gurlan gidrotеhniki dеsgadyr.

Aýbölek ÝAZJUMAÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok