Garaşsyzlyk — ykdysady özgerişiň milli ösüşe esaslanýan aýdyň ýoludyr. Bu ýol ägirt uly ykdysady galkynyşlary rowaçlyklara besleýän döwlet berkararlygynyň kämil binýadydyr. Garaşsyzlyk ýyllarynda döwletimiziň durmuş maksatly syýasaty ýurdumyzyň giň gerimli milli ykdysady özgertmelerini öz içine alýan möhletleýin maksatnamalary bilen amala aşyrylýar. Bu maksatnamalarda Garaşsyzlyk zamanasynda gazanylan ykdysady ösüşleri hasaba almaklyk bilen, halkymyzyň durmuş hal-ýagdaýyny gowulandyrmaklyk esasy baş wezipe bolup durýar. Häzirki wagtda döwletimiz esasy azyklyk önüm bolan galla önüminiň özünden artan bölegini daşary ýurtlara eksport edýän ýurtlaryň hataryna goşuldy. Şeýlelik bilen, biziň ýurdumyz milli Liderimiziň taýsyz tagallalary netijesinde azyk garaşsyzlygyny doly gazanan garaşsyz ýurda öwrüldi. Hut şu nukdaýnazardan-da, biziň döwlet Garaşsyzlygymyzyň datly miweleri ýurdumyzyň ilatymyzy we dünýä halklaryny umumyadamzat ýaşaýşy üçin birinji derejeli möhüm azyk önümi bilen üpjün etmeklige goşýan goşandynda aýdyň görünýär.
Milli döwlet berkararlygymyza eýe bolanymyzdan soňra, ýurdumyzyň nebitgaz pudagynda hem düýpli özgertmeler amala aşyryldy. «Körpeje —Gurtguýy», «Türkmenistan — Özbegistan — Gazagystan — Hytaý», «Döwletabat — Hangeran», «Döwletabat — Derýalyk», «Gündogar — Günbatar» gaz geçirijileri gurlup ulanylmaga berildi. Häzirki wagtda bolsa, «Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan» gaz geçirijisiniň gurluşygy güýçli depginler bilen alnyp barylýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda işe girizilen gaz geçirijiler Watanymyzyň we gaz eksport edýän döwletlerimiziň ykdysady galkynyşyna, kuwwatly ösüşine ägirt uly goşant goşýar.
Garaşsyzlyk ýyllarynda kabul edilen ykdysady özgertmeleriň barşynda, hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda milli ykdysadyýetimiziň döwlete degişli däl bölegi — hususy ulgamy ep-esli derejede ösdi. Häzirki wagtda daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutup bilýän, dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply milli önümlerimizi öndürýän hususy kärhanalarymyzyň sany sanardan kän. Türkmen telekeçileriniň paýtagtymyzda we welaýatlarymyzda guran desgalarydyr ýaşaýyş jaýlary özüniň binagärlik görnüşi we hili taýdan daşary ýurt gurluşyk kompaniýalarynyň işleri bilen bäsdeşýär. Milli işewürlerimiziň Gahryman Arkadagymyzyň özlerine halal baýamaklyk üçin döredip berýän şertleriniň we mümkinçilikleriniň netijesinde ýurdumyzyň kuwwatly ösüşini rowaçlandyrmaklykda, döwlet Garaşsyzlygymyzyň ykdysady binýadyny pugtalalandyrmaklykda goşýan goşantlary diýseň çäksizdir.
Ata Watanymyz Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda Diýarymyzy milli esasda galkyndyryp, ykdysady taýdan özgerdip-ösdürmeklik üçin kabul edilen ähli döwlet maksatnamalarynyň esasynda halkymyzyň hal-ýagdaýynyň derejesini gyşarnyksyz ýokarlandyrmaklyk, ynsan hukuklarynyň mizemezligini gazanmaklyk hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň döwlet Garaşsyzlygynyň berkararlyk binýady ykdysady taýdan has-da kuwwatlanyp, ägirt uly galkynyşlary başdan geçirýär. Milli Liderimiziň baştutanlygynda Garaşsyz Türkmenistan dünýäniň çalt depginler bilen ösýän ýurtlarynyň hataryna goşuldy.
Guwanç MERETJÄÝEW,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň mugallymy
Teswirler