TDMI-de Bütindünýä şygryýet gününe bagyşlanan döredijilik bäsleşigi geçirildi

Türkmen döwlet medeniýet institutynda Halkara zenanlar güni, Bahar baýramy we Bütindünýä şygryýet günimynasybetli içki döredijilik bäsleşigi geçirildi. Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň döredip berýän giň mümkinçiliklerine jogap hökmünde, şeýle hem ýaşlaryň arasyndan has zehinlilerini çykarmak we olaryň žurnalistika höwesini artdyrmak maksady bilen geçirilen bu bäsleşik “Medeniýetiň gözýetimi” atly institutyň içki elektron žurnalynyň redaksiýasy tarapyndan gurnaldy. Bäsleşik mähriban enelerimizi, mylaýym zenanlary we tebigatyň iň bir ajaýyp pursatlaryny özünde jemleýän bahar paslyny giňişleýin beýan etmek we wasplandyrmak şerti bilen, 3 ugur, ýagny:

Şygyr ýazmak
Hekaýa ýazmak

Makala ýazmak(oýlanma, suratlandyrma, pikir ýöretme) ýaly ugurlar boýunça yglan edildi. Bäsleşige institutymyzyň ähli fakultetiniň talyplary gatnaşdy we ýörite düzülen eminler toparynyň bahalandyrmagy boýunça ýeňijileri seljerme işleri geçirildi. Netijede:

“Teatr sungaty” fakultetiniň talyby Amantäç RESULOWA özüniň “Käbäm ejem” atly eseri bilen I-orna,

“Teatr sungaty” fakultetiniň talyby Merdan NAZAROW özüniň “Enä tagzym-mukaddeslige tagzym” atly eseri we “Kitaphanaçylyk” fakultetiniň talyby Zebo BABAJANOWA özüniň “Gudrata ýugrulan mukaddeslik” atly eseri bilen II-orna,

“Kitaphanaçylyk” fakultetiniň talyby Läle ZAKIROWA özüniň “Bahar ýaýlasy” atly eseri bilen, “Medeni-miras” fakultetiniň talyby Tawus ŞAMYRADOWA özüniň “Umman ýaly giňdir ene ýüregi” atly eseri bilen we “Teatr sungaty” fakultetiniň talyby Aýjeren GADAMOWA özüniň “Ýaýlalara ýaz ýaraşar” atly eseri bilen III-orna mynasyp bolmagy başardylar.Ýeňijilere hormat hatlary we sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Ýeri gelende aýtsak, öňümizdäki ýurdumyzyň şanly seneleri we milli baýramçylyklary mynasybetli şeýle bäsleşikleriň ýene geçirilmegi meýilleşdirilýär.

Bäsleşigimiziň ýeňijileri we onuň geçiş tertibi barada goşmaça maglumatlary tdmi.edu.tm resmi saýtyndandan, şeýle-de şol saýtda ýerleşdirilen “Medeniýetiň gözýetimi” içki elektron žurnalymyzdan tapyp bilersiňiz!

Ýunus ALLANAZAROW,
“MEDENIÝETIŇ GÖZÝETIMI”

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok