Tebigaty goramak jemgyýeti we BMG-ň Türkmenistandaky wekilhanasy bilelikde çäre geçirdiler

«Türkmenistan Parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyz uly üstünliklere beslenýär. Hormatly Prezidentimiziň  alyp barýan toplumlaýyn, umumy göwrümli we uzak möhletleýin, geljegi nazarlaýan parasatly ekologiýa syýasaty türkmen jemgyýetiniň ösüşini  sazlaşdyrmaga, ýaşlaryň sagdyn-arassa ruhubelent mirasdarlarymyzy ýetişdirmäge gönükdirilendir.

Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň Ýolbaşçy  edarasynyň hünärmenleri we Birleşen Milletler Guramasynyň  Türkmenistandaky wekilhanasynyň işgärleri bilen bilelikde Aşgabat şäherindäki 53-nji orta mekdebinde, 21-nji ýöriteleşdirilen terbiýeçiik okuw mekdebinde, şeýle-de «Olimp» sport mekdebinde  okuwçylaryň hem-de mugallymlaryň gatnaşmagynda  «tebigatymyzy arassa saklalyň» atly ylmy-ekologiki we medeni çäresi geçirildi. Çäräniň başynda  mekdepleriň çäginde bag-nahal oturtmak dabarasy geçirildi. Mekdep okuwçylary öz öýleriniň çäginde ene-atalary bilen hem  miweli nahal ekýändigi we öýlerinde otag gülleriniň hem idegini edýänligi barada gürrüň berdiler. Soňra çärede hünärmenleriň «Durnukly şäherler taslamasy: şäherimizi arassa saklamak» baradaky slaýdlaryny, gaty durmuş galyndylaryny ýörite zibillere atmaklyk barada wagyz-ündew işlerini geçirdiler. Mekdebiň okuwçylary Hormatly Arkadagymyzy, gözel diýarymyzy we gözel tebigatymyzy,  ak  mermerli Aşgabady we söýgini wasp edýän goşgylary ýerine ýetirdiler. Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň hünärmenleri çäräniň soňunda mekdebiň ýolbaşçylaryna okuw sapaklarynda usuly gollanma hökmünde ulanmak üçin diýarymyzyň çäginde ýerleşýän goraghanalaryň gözel ýerlerinde ýazgy edilen wideo ýazgylary berdiler.

Mähriban halkynyň aladasyny ilkinji orunda tutýan, bize işlemäge ýaşamaga gowy durmuşy peşgeş eden  Hormatly Arkadagymyza berk jan saglygyny, uzak ömür, sebitde we tutuş dünýäde parahatçylygyň we ynsanperwerliginiň dabaralanmagyna gönükdirilen beýik işlerinde ägirt uly üstünlikleri  tüýs  ýürekden   arzuw edýäris.

.

Leýli Şyhmadowa,

Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň
Ekologiýa we ylym bölüminiň hünärmeni.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok