Marsyň üstünde gadymy umman tapyldy

Marsyň üstünde gadymy umman tapyldy

Täze gözleglere görä, Gyzyl planeta gadymy ummanyň barlygy anyklanyldy. Şu wagta çenli üstünde suw gözlenýän planetanyň ýerastynyň gadymy ummanyňdygy ýüze çykaryldy.

Alymlar Marsyň bir wagtlar suwly planetadygy baradaky pikir barada jedelleşýärlerdiler. Häzirki wagtda ýerine ýetirilen işleriň ep-esli bölegi müňlerçe ýyl ozal planetanyň ýüzünde barlygy çaklanylýan suwy öwrenmekdir.
“NASA” tarapyndan goldanýan täze gözlegiň netijesine görä, Marsda tapylan suwuň az bölegi kosmosa giden hem bolsa, köp bölegi ýeriň aşagynda gizlenendir.

Alymlar “Planetadaky suw, gadymy döwürlerde ýeriň aşagyna çekilip we ondan soň ýerasty suwlar planetanyň ýokarky gatlagyna çykmandyr. Geçmişde Marsyň ýüzi 100 metrden 1500 metre çenli çuňlukda okean bilen örtülipdir. Bu suwlaryň 30% -99% -i ýeriň aşaky gatlagynda” diýip çaklaýarlar.

Merdan ATAÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok