“Täç hil” sergä gatnaşýar

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda ýerleşýän “Täç hil” hususy kärhanasy ýakynda täze önüm bolan hoşboý ysly atyrlaryň önümçiligini ýola goýdy.Mart aýynyň 16-17-sine geciriljek TSTB döredilen gününe bagyşlanýan sergä ýurdumyzyň öňdebaryjy kärhanalarynyň biri bolan “Täç hil” täze parfýumeriýa önümleri bilen sergide çykyş eder.

Alnan maglumatlaryñ esasynda, kärhana erkekler we zenanlar üçin niýetlenen, döwrebap bezegli aýna çüýşelere gaplanan atyrlaryň 20 görnüşini öndürýär. Geljekde bu görnüşleri has-da artdyrmak, halka hödürlemek meýilleşdirilýär. Ýurdumyzda öndürliýän bu hilli harytlar daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýar we sarp edijiler tarapyndan uly isleg bildirilýär.

Söýenç AHMEDOW
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok