Galan oýunlar Koreýa Respublikasynda geçer

Dünýä çempionaty — 2022 saýlama tapgyryň galan oýunlaryny Türkmenistanyň milli ýygyndysy Koreýa Respublikasynda geçirer

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy 2022-nji ýyldaky dünýä çempionatynyň saýlama tapgyrynyň galan duşuşyklaryny Koreýa Respublikasynda geçirer. Bu karar Aziýa futbol konfederasiýasy tarapyndan kabul edildi.

AFK zolagyndaky galan oýunlar 8 ýurtda geçiriler. Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň gatnaşmagynda H topardaky duşuşyklar 2021-nji ýylyň 31-nji maýyndan 15-nji iýun aralygynda Ýaponiýada geçiriler.

Türkmenistanyň topary saýlama duşuşyklara gatnaşýar we Aziýanyň iň güýçli toparlaryndan biri bolan Koreýa Respublikasy, şeýle hem Liwan, Demirgazyk Koreýa we Şri-Lanka bilen H toparda çykyş edýär. Türkmenistanyň milli ýygyndysy şu wagta çenli bäş duşuşyk geçirdi. Galan üç duşuşygy Koreýa Respublikasyna, KHDR-a şeýle hem Liwana garşy geçirer. Türkmenistanyň milli ýygyndysy häzirki wagtda 9 oçko bilen H toparynda birinji orunda barýar.

2022-nji ýyldaky Dünýä çempionatynyň saýlama tapgyrynyň ikinji böleginiň netijelerine görä, milli ýygyndylaryň 12-si jemleýji tapgyra çykar.

Duşuşyklaryň tertibi:

03.06.2021
KHDR – Şri-Lanka
Koreýa Respublikasy – Türkmenistan

07.06.2021
Koreýa Respublikasy – KHDR
Liwan – Şri-Lanka

11.06.2021
Türkmenistan – Liwan
Şri-Lanka – Koreýa Respublikasy

15.06.2021
Koreýa Respublikasy – Liwan
KHDR – Türkmenistan

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok