“Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli 12-nji martda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy bilen Uzeir Gajibekow adyndaky Bakunyň sazçylyk akademiýasynyň professor mugallymlarynyň hem-de talyplarynyň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly bilelikdäki baýramçylyk konserti geçirildi. Bakunyň diplomatik hem-de halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň we döredijilik intelligensiýasynyň wekilleriniň gatnaşmagyndaky dabara uly şatlyk-şowhuna beslendi.
Türkmen-Azerbaýjan onlaýn konsertiniň açylyşynda K. Karaýewiň “Ýedi gözel” baletinden “Adagiosyny” 3-nji ýyl talyp Altyn Nurmyradowanyň skripka saz guralynda ýerine ýetirmegi diňleýjilerde ýakymly täsir galdyrdy. N. Halmämmedowyň “Dutaryň owazy” we Ç. Nurymowyň “Ekspromt fantaziýa” ýaly eserlerini fortepianada Merjen Amanowa hem-de Ogulkeýik Hojagurbanowa ýerine ýetirdi. Konsertiň meýilnamasynda ýer alan U. Gajibekowyň “Arazbary”, T. Kulyýewiň “Lezginka”, N. Halmämmedowyň “Ballada” we F. Amirowyň “Meniň Azerbaýjanym” atly meşhur eserleri Bakunyň sazçylyk akademiýasynyň talyplary we halkara bäsleşiginiň laureatlary Medina Agaýewa, Rza Hosrowzade, Ofeliýa Dadaşowa, Marýam Mammedowa we Nigýar Askerowa tarapyndan ussatlyk bilen ýerine ýetirildi. Soňra N. Halmämmedowyň kwartetiniň 2-nji bölümi bilen ýokary okuw mekebimiziň mugallymlary Dolyýew Bahram, Aýbölek Muhyýewa, Tahyr Ataýew, Kakageldi Hojalekow çykyş etdiler. Konsert D. Öwezow bilen A. Şapoşnikowyň “Şasenem-Garyp” operasyndan Şasenemiň ariýasyny Aziza Agamyradowanyň ýerine ýetirmeginde uly şowhun bilen jemlendi. Dabaranyň dowamynda hormatly Prezidentimiziň adyna alkyşly sözler aýdyldy.
Gülşat Baýramalyýewa
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyby
Teswirler