Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli «Adalat» gazetiniň redaksiýasynyň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde guramagynda döredijilik bilen meşgullanýan ýurdumyzyň hukuk goraýjy edaralarynda işleýän ýaş hünärmenleriň, hukuk hünäri boýunça okaýan talyp ýaşlaryň arasynda «Garaşsyzlyk joşguny» atly döredijilik bäsleşigi yglan edilýär.
Bäsleşigiň şertleri we geçiş tertibi:
- Bäsleşige ýaşy 35-e çenli bolan raýatlar gatnaşyp bilerler.
- Bäsleşige şu ugurlardaky döredijilik işleri kabul edilýär:
— Hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli alyp barýan beýik işleriniň netijesinde ýurdumyzyň gazanan ösüşlerini, kanunçylygymyzdaky özgertmeleri wasp edýän şygyrlar, poemalar;
— milli ýörelgelerimiziň, däp-dessurlarymyzyň, kanunçylygymyzyň ähmiýetini wagyz edýän hekaýalar, nowellalar, liriki oýlanmalar we ş.m;
— Gahryman Arkadagymyzyň il-ýurt, umumadamzat ähmiýetli beýik işlerini, kanunçylygymyzy wagyz edýän dürli žanrdaky (publisistik, çeper publisistik) makalalar, oçerkler;
— hukuk temasynda düzülen kraswordlar;
— ýurdumyzyň ösüşlerini wagyz edýän fotokollažlar, çekilen surat eserleri. - Gelip gowşan eserlere emin agzalary tarapyndan baha berilýär.
- Bäsleşige hödürlenilýän eserler «Garaşsyzlyk joşguny» döredijilik bäsleşigine diýen bellik bilen «Adalat» gazetiniň redaksiýasyna iberilmeli.
- Emin agzalary tarapyndan mynasyp hasaplanan eserleri «Adalat» gazetinde çap etmek göz öňünde tutulýar.
- Bäsleşik düzgünnama gazetde çap edilen gününden başlanýar. Ol mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli sentýabr aýynda jemlener.
- Bäsleşigiň ýeňijilerine Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylar.
Bäsleşige hödürlenýän işleri şu salga ibermeli: Aşgabat şäheri, 744013, Garaşsyzlyk şaýoly — 100, Erkin döredijilik mekany, «Adalat» gazetiniň redaksiýasy.
Teswirler