Tebigy we takyk ugurlar boýunça ylmy maslahat geçirildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň hem-de Halkara ynsanperwer we ösüş uniwersitetiniň bilelikde ylmy maslahat geçirdi.

Seminarda tebigy we takyk ylymlaryň öwrenmegiň usullary hem-de ähmiýeti barada aýdylyp geçildi. Ýokary okuw mekdepleriniň professor mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda geçirilen bu ylmy seminar ýurtda bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ýaşlary döwrüň ösen talaplaryna laýyk gelýän ýokary bilimli edip ýetişdirmek ugrunda alnyp barylýan giň gerimli işler wagyz edildi.

Bilim ulgamynda alnyp barylýan işleriň çygrynda “Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy” ýola goýuldy. Ýurdyň ýokary okuw mekdeplerinde bu Konsepsiýany amala aşyrmagyň çäklerinde dürli işler alnyp barylýar.

Hatyja Döwletnazarowa

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby,“Paýhas we parasat” gurnagynyň agzasy

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok