Häzirki wagtda türkmen welosipedçileri Gökderedäki «Ýaşlyk» çagalar sagaldyş merkezinde türgenleşik geçýärler.
Günde iki gezek türgenleşik geçirilip, türgenler köp mukdarda sapaklary ýerine ýetirýärler, bularyň her biri awtoulag ýollarynda 150 kilometr aralygy ýokary tizlik bilen geçmegi öz içine alýar. Erkekleriň we aýallaryň milli ýygyndy toparlarynyň wekilleri sport zalynda we ýanaşyk dag ýollarynda fiziki taýýarlyklaryny berkidip, köp kilometr aralygy geçýärler.
Mundan başga-da, Nargeldi Igdirowyň ýolbaşçylygynda türgenleşýän welosipedçiler Olimpiýa şäherçesiniň Welotrek sport toplumynda hem köp türgenleşik geçýärler.
Türkmenistanyň milli welosiped toparynyň agzalarynyň 2021-nji ýylyň 13-17-nji oktýabry aralygynda Aşgabatda ilkinji gezek geçiriljek Welotrek boýunça dünýä çempionatynda çykyş etjekdigini ýatladýarys.
Timur Rozmetow,
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyby.
Teswirler