Astrahanda Türkmenistanyň hem gatnaşmagynda dil baradaky forumy geçirildi

Astrahan Döwlet Tehniki Uniwersitetinde, Türkmenistanyň wekilleriniň gatnaşmagynda her ýyl geçirilýän, ýagny “Halkara ene dili güni”-ne gabat gelýän dil baradaky forumy geçirildi. Bu baradaky habary “astrakhan-24.ru” habar saýtyna salgylanyp arzuw.news habar berýär.

Astrahan Döwlet Tehniki Uniwersiteti tarapyndan geçirilen dil baradaky forumy dünýädäki dil dürlüligini we medeniýetler arasyndaky hyzmatdaşlygy goramaga bagyşlandy.

Saýtda habar berilmegine görä, hünärmenler diliň we milli şahsyýetiň aýratynlyklaryna, medeniýet bilen diliň özara baglanyşygyna, bar bolan etnik we medeni däp-dessurlary gorap saklamagyň we gowulandyrmagyň usullaryna ünsi jemleýärler.

Meýlis SÄHETMYRADOW
Halkara ynsanperwer ylymlary we
ösüş uniwersitetiniň žurnalistika
hünäriniň 3-nji ýyl talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok