Ussatlyk sapagy

Ata Watanymyz Türkmenistan hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ösüp barýan ýaş nesliň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, ylymly-bilimli bolup ýetişmekleri üçin ähli amatlyklaryň, möhüm şertleriň döredilen ýurduna öwrüldi. Ýaşlaryň dünýä ylymyna, medenýetine düýpli aralaşmagyny üpjün etmek, ýokary hünärli nesilleri terbiýelemek işleri döwrüň möhüm wezipesi bolup durýar. Häzirki şertlerde islendik ýurduň ösüşi ylym, bilim, medeniýet ulgamlarynyň ösüş derejesi bilen kesgitlenýär. Ylmyň öňdebaryjy gazananlaryny ýokary tehnalogiýalarda peýdalanmak esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Sanly bilimi ösdürmek medeniýet ulgamyny hem sanly ulgama geçirmek işinde uly ähmiýete eýedir.

Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň “reVoiced” aýdym-saz topary bilen onlaýn arkaly duşuşyk geçirildi. Topar barada gysgaça aýdanymyzda, 2012-nji döredilen bäş agzadan ybarat bolan bu wokal ansambly, akapella äheňiniň nusgawy düşünjesini ýumşak, döwrebap öwrümli we güýçli sahna çykyşy bilen birleşdirýär. Bu kwintet dürli ýaşdaky tomaşaçylary özüne çekýär. 2014-nji ýylyň ýazynda “reVoiced” topary Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda “Mekdepler üçin aýdym-saz” atly özbaşdak gastrol maksatnamasyny ýola goýdy we hor üçin wokal ussatlyk sapaklaryny geçirmek we konsertleri ýerine ýetirmek arkaly ýurduň dürli künjekleriniň okuwçylaryna öz aýdym-sazlaryny we ylhamyny berdi.

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda onlaýn arkaly geçirilen bu ussatlyk sapagyna Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň “reVoiced” aýdym-saz topary bilen konserwatoriýanyň Kamerny hory, akapella  topary, ýurdumyzyň ýörite sungat mekdepleriniň hor toparlary, professor mugallymlarydyr, talyplary gatnaşdylar. Sapagyň dowamynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň Kamerny hor topary kompozitor Durdy Nuryýewiň “Çal dutarym”, Ý.Neçaýewiň hor üçin täzeden işlän Türkmen halk aýdymy “Bibijan”  aýdymyny horuň çeper ýolbaşçysy Ýe.K.Moskwiçowanyň we R.Orunowanyň dirižýorlyk etmeginde ýerine ýetirdiler. Şeýle-de, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky D.Öwezow adyndaky türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň hor topary “Sen çölüň” aýdymyny, “Bagtyýarlyk nagmalary” akapella hor topary hem bu sapakda “Bitaraplyk owazy” aýdymyny joşgunly aýtdylar. Mundan başga-da bu ussatlyk sapagynda welaýatlarymyzyň ýörite sungat mekdepleri hem öz çykyşlaryny onlaýn arkaly görkezdiler. Her ýerine ýetirilen aýdyma “reVoiced” aýdym-saz topary aýratyn baha berdiler we özleriniň pikirlerini, maslahatlaryny aýtdylar.

Ussatlyk sapagynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň “reVoiced” aýdym-saz topary öz aýdymlaryny wideo görnüşinde görkezdiler. Ussatlyk bilen ýerine ýetirilen bu wideogörnüşler biz talyplarda uly täsir galdyrdy. “Türkmenistan – Parahatçylygyň we Ynanyşmagyň Watany” ýylynda onlaýn arkaly geçirilen ussatlyk sapagy medeni gatnaşyklaryň mizemez dostlugyny kemala getirýän güýçdigini dabaralandyrýar.

Biz talyp ýaşlara okamaga, öwrenmäge, kämil derejede bilim-terbiýe almaga, döretmäge, dünýä ýurtlarynyň medenýetini, sungatyny, taryhyny öwrenmäge, tanyşmaga, şular ýaly onlaýn arkaly ussatlyk sapaklaryny geçirmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, tutýan beýik tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

.

Aýtäç Mededowa,

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen
milli konserwatoriýasynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok