Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyz uly üstünliklere beslenýär. Türkmenistanda amala aşyrlýan toplumlaýyn, umumy göwrümli we uzak möhletleýin, geljegi nazarlanýan parasatly ekologiýa syýasaty türkmen jemgyýetiniň ösüşini sazlaşdyrmaga, ýaşlaryň sagdyn-arassa ruhubelent mirasdarlarymyzy ýetişdirmäge gönükdirilendir.
Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň Ýolbaşçy edarasynyň ýolbaşçy düzüminiň we onuň welaýat bölümleriniň başlyklarynyň gatnaşmagynda 2021-nji ýylyň 22-nji fewralynda ýygnak geçirildi. Ýygnakda 2020-nji ýylyň jemini jemlemek boýunça jemgyýetiň Ýolbaşçy edarasynda we welaýat bölümlerinde ýerine ýetirlen işleriň hasabaty diňlenildi hem-de 2021-nji «Türkmenistan- Parahatçylgyyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda jemgyýetiniň Ýolbaşçy edarasynyň we onuň welaýat bölümleriniň hünärmenleriniň ýerine ýetirmeli işleri hem-de öňde goýlan wezipeler kesgitlenildi.
Ýygnagyň dowamynda 2020-nji «Türkmenistan Bitaraplygyň Watany” ýylynda öňde goýlan wezipeleri ak ýürekden ýerine ýetirip, işde tapawutlanan hünärmenlere Hormat haty we gymmat bahaly sylaglary gowşuryldy.
2021-nji «Türkmenistan- Parahatçylgyyň we ynanyşmagyň Watany” we Diýarynyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy bellenjek ýylynda ýygnaga gatnaşan hünärmenlere öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmekde güýç-kuwwat, jan saglygy, maşgala abadançylygy arzuw edildi.
Mähriban halkynyň aladasyny ilkinji orunda tutýan, bize işlemäge ýaşamaga gowy durmuşy peşgeş eden Hormatly Arkadagymyza berk jan saglygyny, uzak ömür, sebitde we tutuş dünýäde parahatçylygyň we ynsanperwerliginiň dabaralanmagyna gönükdirilen beýik işlerinde ägirt uly üstünlikleri tüýs ýürekden arzuw edýäris.
.
Bäşim Muhyýew,
Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň
Ekologiýa we ylym bölüminiň hünärmeni.
Teswirler