Biziň köpümiz diplomat diýlende bir täsin hünäri göz öňümize getirýäris. Bu ugurda diňe erkek kişiler zähmet çekmegi başarýar diýen pikir hem ýüze çykmagy mümkin. Onuň beýle däldigini ýetip gelen 18-nji fewral Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güninde diplomat adyna eýe bolan meşhur zenanlar dogrusynda söz açmak isledim.
Aksoltan Ataýewa– Türkmenistanyň görnükli syýasy işgäridir. Ol 1994-nji ýyldan bäri Türkmenistanyň BMG-däki hemişelik wekili wezipesinde zähmet çekýär. 1968-nji ýylda Türkmen Döwlet lukmançylyk institutyny tamamlaýar. Aksoltan lukmançylyk ugry boýunça işläp, dürli wezipelere eýe bolýar. 1991-nji ýylda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş ministri, 1994-nji ýyldan başlap Türkmenistanyň BMG-däki hemişelik wekili bolup işleýär. 2008-nji ýylda ol şol bir wagtyň özünde Türkmenistanyň Kubadaky, 2011-nji ýylda Braziliýadaky, 2013-nji ýylda bolsa Wenesueladaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi wezipelerine bellenýär. 2019-njy ýylda Aksoltan Ataýewa Türkmenistanyň Gahrymany adyna eýe bolýar.
Roza Otunbaýewa Gyrgyzystanyň görnükli syýasy işgäridir. Ol 1972-nji ýylda Moskwanyň Döwlet uniwersitetiniň filosofiýa fakultetini tamamlanyndan soň, mugallymçylyk bilen meşgullandy. 1981-nji ýylda bolsa ol syýasy işe başlady. 1986-1989- njy ýylarda Sowet Gyrgyzystany döwründe Otunbaýewa Daşary işler ministri wezipesini eýeledi. 1992-nji ýylda Roza Otunbaýewa garaşsyz Gyrgyzystanyň daşary işler ministri wezipesine gaýtadan bellendi. 2010-njy ýylyň 7-nji aprelinden tä 2011-nji ýylyň 1-nji dekabrynda geçirilen saýlawlara çenli wagtlaýyn hökümete ýolbaşçylyk etdi we şol döwürde Gyrgyzystanyň Prezidenti diýlip yglan edildi. Ol 2011-nji ýylda “Roza Otunbaýewanyň başlangyçlary” atly halkara jemgyýetçilik fonduny döretdi. Roza Gyrgyzystanyň we GDA döwletleriniň taryhynda ilkinji zenan Prezidentdir.
Rene Jons-Bos okuwyny tamamlanyndan soň, Belgiýa, Beýik Britaniýa ýalu ýurtlara gidip syýasaty, ykdysadyýeti öwrenýär. Onuň zähmet ýoly terjimeçilikden başlanýar. 4 ýyldan soň Rene Niderlandlar Patyşalygynyň Daşary işler ministrliginde zähmet ýoluna başlady. Daşary işler ministrliginiň düzüminde işlän döwründe öz ýurdunyň Waşingtondaky wekilhanasynyň 1-nji sekretary, adam hukuklary boýunça ilçi, Niderlandlar Patyşalygynyň ABŞ-daky ilçisi ýaly wezipeleri eýeledi. Häzirki wagtda Russiýa Federasiýasynda ilçi wezipesinde işleýär.
Maliha Lodhi– musulman dünýäsiniň iň bir meşhur zenan syýasatçylarynyň biridir. Ol Päkistanyň ABŞ-daky we Beýik Britaniýadaky ilçisi wezipelerinde işledi. Malihanyň çagaly Päkistanda geçýär. Onuň kakasy telekeçi, ejesi bolsa žurnalistika ugrundan bilim alsa-da, özüni maşgalasyna bagyş edýär. Okuwy gutarandan soň Maliha Londonyň ykdysady we syýasy ylymlary mekdebine okuwa girýär. Ol okan mekdebinde 5 ýyllap mugallymçylyk bilen meşgullanýar. Soňra bolsa Päkistana dolanyp gaýtmagy makul bilýär. Päkistanda Maliha žurnalistika bilen meşgullanyp, birnäçe ýyldan soň baş redaktor wezipesini eýeleýär. Žurnalistika hünäri Malihanyň öňünde köp sanly mümkinçilikleri döretdi. Şeýlelikde, 1993-nji ýylda Päkistanyň premýer ministri Benazir Bhuttonyň bellemegi bilen Päkistanyň ABŞ-daky ilçisi wezipesini eýeledi. 2015-nji ýyldan bäri ol Päkistanyň BMG-daky hemişelik wekilidir. Aýratyn bellemeli zat hem ýurduň taryhynda ol bu wezipä bellenen ilkinji zenandyr.
Alwa Mýurdal– Şwed diplomaty we sosiology bolup, onuň syýasata bolan gyzyklanmasy çagalykda ýüze çykyp başlady. Ol Stokgolm uniwersitetini tamamlandan soň mekdepde işläp başlaýar. Tiz wagtda ol bu ugurda üstünlik gazanyp, mekdepden çenli bilim edarasynyň direktory wezipesini eýeleýär. 1955-1961-nji ýyllarda Alwa Şwesiýanyň Hindistandaky ilçisi wezipesine bellenýär. Ondan soň Ženewadaky ýaragsyzlanmak boýunça şwed wekilýetine ýolbaşçylyk etdi. 1980-nji ýylda Alwa Mýurdal “Ýaragsyzlanmak işinde goşan goşandy üçin” Nobel baýragyna eýe boldy.
Laçyn HOJAÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
halkara gatnaşyklary fakultetiniň talyby
Teswirler