“Türkmenistan” gazetiniň habar bermegine görä, Ak bugdaý etrabynyň Gämi oba Medeniýet öýünde «Ýylyň zenany» atly bäsleşigiň welaýat tapgyry geçirildi. Bu bäsleşikde 7 ugur boýunça öz ukyp başarnygyny görkezen zenanlar, öz aralarynda bäsleşdiler.
Ýokarda agzalan ugurlar şulardan ybarat: «Ýylyň işewür zenany», «Ýylyň çeper elli zenany», «Ýylyň sungatda işjeň zenany», «Ýylyň mährem zenany», «Ýylyň watançy zenany», «Ýylyň öňdebaryjy oba zenany», «Ýylyň telekeçi zenany» atly ugurlara bölündi.
Netijede, Ak bugdaý etrabyndaky 10-njy orta mekdebiň müdiri Maýa Amannazarowa, Tejen şäherindäki 9-njy çagalar bagynyň müdiri Käkilik Döwletgeldiýewa, Bäherden etrabynyň medeniýet bölüminiň Akdepe oba Medeniýet öýüniň aýdym-saz ýolbaşçysy Gülkamar Seýitgulyýewa, Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesindäki saglyk merkeziniň maşgala şepagat uýasy Aýsoltan Merdangeldiýewa, Ak bugdaý etrabynyň Parahat geňeşliginiň arçyny Orazgül Ataýewa, Kaka etrabyndan telekeçi Güneş Hudaýberdiýewa degişli ugurlar boýunça tapawutlanyp, bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Ýeňijilere guramaçylar tarapyndan ýörite sowgatlar gowşuryldy.
Rozygulyýewa Enejan
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünyä dilleri inistitutynyň
iňlis dili we edebiýaty fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.
Teswirler