«Altyn kölüň» kenarynda 2021-2024-nji ýyllarda dynç alyş zolagy dörediler

Aşgabat şäheriniň demirgazygynda ýerleşýän «Altyn kölüň» kenarynda häzirki zaman dynç alyş zolagyny döretmek, bu zolakda ekologiýa şertlerini has-da gowulandyrmak, kölüň kenaryny şäheriň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň medeniýetli dynç almaklary üçin amatly ýerleriň birine öwürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Aşgabat şäherinde «Altyn kölüň» kenarynda 2021 — 2024-nji ýyllarda dynç alyş zolagyny gurmak bellenildi.

Gurluşyk we binagärlik ministrligine degişli binalary we desgalary gurmak boýunça potratçylary saýlap almak üçin bäsleşikleri geçirmek tabşyryldy. Bu barada TDH habar berýär.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok