Dokmaçy gelin-gyzlaryň hünär bäsleşigi geçirildi

Türkmenabadyň pagta egriji fabriginde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň we Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň bilelikde guramagynda welaýatyň dokma senagatyna degişli edara-kärhanalarynda zähmet çekýän dokmaçy gelin-gyzlaryň hünär bäsleşigi geçirildi.

Dört tapgyrda geçirilen bäsleşikde milli däp-dessurlarymyzyň dowam etdirilişi dogrusynda gürrüň berdiler. Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda gelin-gyzlar gadymy milli lybaslaryň we olara salynýan nagyşlaryň aýratynlyklaryny, gelip çykyşyny gürrüň berýän slaýd usuly bilen taýýarlan şekillerini ýörite ekranda görkezdiler. Bäsdeşler haly dokamak, keşde, gaýma gaýamak, alaja işmek, köjümek öjemek, jähek salmak, jorap örmek boýunça öz ussatlyklaryny görkezdiler.

Eminler toparynyň netijesi boýunça Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky nah ýüplük egriji fabriginiň işgärleri Aknur Şaweliýewa we Aýsoltan Begmyradowa ýeňiji boldular we bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Türkmenabadyň tikin fabriginiň modelýer konstruktory Nowruzgül Kazakowa we fabrigiň lekal taýýarlaýjysy Uzukjemal Jummyýewa ikinji orny eýelediler. Bäsleşigiň üçünji ornuna Türkmenabadyň pagta egriji fabriginiň operatory Bägül Janmedowa we Aýjemal Illiýewa mynasyp boldular. Ýeňijilere Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesi tarapyndan sowgatlar gowşuryldy.

Merjen Soltanowa,
Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok