Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň bilelikde guramagynda ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde zähmet çekýän halypa we ýaş žurnalistleriň, şeýle-de ýokary okuw mekdeplerinde žurnalistika hünäri boýunça bilim alýan talyplaryň gatnaşmagynda «Parahatçylyk we ynanyşmak: döredijiligiň giň gözýetimleri» ady bilen döredijilik duşuşygy geçirildi. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär.
Paýtagtymyzdaky Erkin döredijilik mekanynda guralan duşuşykda metbugat sahypalarynda, teleradioýaýlymlarda şöhlelendirilişi, türkmen žurnalistikasynyň ösüşi we halypa-şägirtlik gatnaşyklary, öňde duran möhüm wezipeler barada giňişleýin gürrüň edildi.
Gazet-žurnallaryň redaksiýalarynyň öňde goýýan täze maksatlary, döredijilik gözlegleri, ýaşlaryň arasynda yglan eden döredijilik bäsleşikleri, žurnalistikada daşary ýurt dillerini bilmegiň ähmiýeti, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işine sanly ulgamyň mümkinçilikleriniň ornaşdyrylyşy baradaky gürrüňlere aýratyn orun berildi.
Teswirler