6-njy fewralda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda talyplaryň gyşky dynç alşyny peýdaly we gyzykly geçirmek maksady bilen talyp gyzlaryň arasynda türkmen milli tagamlaryny taýýarlamak we el işlerini ýerine ýetirmek boýunça bäsleşik guraldy. Bu gurnalan bäsleşige institutyň umumy ýaşaýyş jaýynda ýaşaýan talyp gyzlar uly ruhubelentlik bilen gatnaşdylar.
Gyzykly we çekeleşikli geçen bäsleşigiň dowamynda talyplar öz ukyp-başarnygyny görkezdiler. Olar ene-mamalarymyzdan bize miras galan el işlerini ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler. Şeýle-de türkmen milli tagamlarymyzy taýýarlamakda hem biri-biri bilen pikirlerini alyşdylar. Şeýle geçirilýän çäreleriň talyplaryň gyşky dynç alşyny talabalaýyk guramakda maksadalaýykdyr.
Azym ÖWEZOW,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň iňlis dili we edebiýaty
fakultetiniň öwreniji mugallymy.
Teswirler