2021-nji ýylda öňümizdäki baýramçylyklar we belli günler

“Türkmenistan” gazetinde çap edilen senanama görä 2021-nji ýyldaky baýramçylyklar we belli günler şu aşakdaky teripde bellenilip geçiler:

1-nji ýanwar — Täze ýyl;

27-nji ýanwar — Watan goragçylarynyň güni;

18-nji fewral — Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni;

8-nji mart — Halkara zenanlar güni;

21-22-nji mart — Milli bahar baýramy;

7-nji aprel — Bütindünýä saglyk güni;

Aprel aýynyň soňky ýekşenbesi — Türkmen bedewiniň milli baýramy;

9-njy maý — 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda Ýeňiş güni;

18-nji maý — Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni;

25-nji maý — Aşgabat şäheriniň güni;

Maý aýynyň soňky ýekşenbesi — Türkmen halysynyň baýramy;

1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni;

3-nji iýun — Bütindünýä welosiped güni;

5-nji iýun — Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni;

12-nji iýun — Ylymlar güni;

27-nji iýun — Medeniýet we sungat işgärleriniň hem‑de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni;

1-nji sentýabr — Bilimler we talyp ýaşlar güni;

Sentýabr aýynyň ikinji şenbesi — Gurluşyk, energetika we jemagat hojalygy işgärleriniň güni;

27-nji sentýabr — Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni;

1-nji oktýabr — Ýaşulularyň halkara güni;

6-njy oktýabr — Hatyra güni;

10-njy oktýabr — Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni;

Oktýabr aýynyň üçünji ýekşenbesi — Senagat işgärleriniň güni;

Noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesi — Hasyl toýy;

12-nji dekabr — Halkara Bitaraplyk güni;

14-nji dekabr — Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni;

21-nji dekabr — Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti S.A.Nyýazowy (Beýik Saparmyrat Türkmenbaşyny) ýatlama güni;

Oraza baýramy — Oraza baýramynyň anyk senesi her ýyl Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen kesgitlenilýär;

Gurban baýramy—Gurban baýramynyň anyk senesi her ýyl Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen kesgitlenilýär.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok