GUJURLY ÝAŞLARDA WATANYMYZYŇ WASPY

“Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” ýylynda hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda, ýurdumyzda medeniýetde, sungatda uly ösüşler gazanylýar. Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzda medeniýet ulgamyny ösdürmek babatda tagallalaryndan ugur alnyp, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda uly işler alnyp barylýar. Ata-watanymyzyň milli mirasyna, şekillendiriş sungatyna sarpa goýmak, onyň görnüşleriniň ähmiýetini doly öwrenmek we aýdyň göz ýetirmek, döwrebap sungat akymlarynyň ornuna we gymmatyna ruh we aň taýdan akyl ýetirmek wajyp meseleleriň birine öwrüldi. Milli edep-terbiýe, däp-dessur mekdebini ýörelge edinmek onuň bilen ugurdaşlykda ösen döwletleriň bilim, medeniýet, sungat ulgamlaryny birlikde dolandyrmakdaky tejribe däbe öwrüldi.

Türkmen suratkeşleriniň döreden eserleriniň halkara sergilere çykarylmagy, ýurdymyzda geçirilýän döredijilikli bäsleşikler we şahsy sergileriň günsaýyn köpelmegi döwletimiziň şekillendiriş sungatyna goýýan uly sarpasydyr. Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda döredilen “Bitarap Watanymyzyň gujurly ýaşlary” atly döredijilik sergisiniň ýola goýulmagy, ýaşlarymyzyň sungat hakdaky düşünjeleriniň kämilleşmegine uly itergi berýär. Bu bolsa, ýokary okuw jaýymyzda bilim alýan zehinli ýaşlarymyzyň sanynyň artmagyna özleriniň saýlap alan hünäriniň hak eýesi bolmagyna getirýär. Bu sergä biziň ýokary okuw jaýymyzyň zehinli talyplaryndan başga-da dürli ýyllarda okuwyny üstünlikli tamamlan uçurymlardyr, erkin suratkeşler hem gatnaşýar. Çeper döredijilikli ýazylan eserlerde ýaşlarymyzyň yhlas bilen çeken zähmetiniň netijesini duýmak bolýar. Zähmet, ýaşlaryň ruhy dünýäsinde berk ornaşyp, ata-watanyna bolan söýgüsiniň ylham joşgunyny beýgeldýär. Bu sergi Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Bilim ministrligi, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi, Demokratik partiýasynyň Syýasy geňeşi, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasy bilen bilelikde bäsleşik esasynda geçirilip, ýeňijilere gymmat bahaly sowgatlar gowşurylýar. Bu sergä bagyşlap biziň göreldeli talyplarymyz, halypa mugallymlarymyzyň ýolbaşçylygynda türkmen şekillendiriş sungatynyň dürli görnüşlerine bagyşlanyp, ajaýyp eserleri döredipdirler. Ussat halypalardan bilim alan ýaş suratkeşlerimiziň döreden eserleriniň aglaba bölegi Bitaraplygymyzyň XXV ýyllygyna bagyşlanan. Mundan başga-da portret, peýzaž, taryhy, durmuşy žanrlarda halkymyzyň milli aýratynlyklaryny, taryhy ýadygärliklerimizi, häzirki zaman döwrebap binagärçilik toplumlary ussatlyk bilen suratlandyrmagy başarypdyrlar.                             

Her bir adamyň öz işine öz ýoluna ökdeligi bolýar. Ussat halypalardan tälim alan talyp ýaşlar hem şekillendiriş sungatynyň dürli görnüşlerinde durmuşyň aýratyn gözel pursatlaryny, tebigatymyzyň gözelligini, Aşgabat şäherimiziň gözel künjekleriniň ajaýyplygyny wasp edýärler. “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” ýyly mynasybetli “Binagärlik” kafedrasynyň talyplary Baýramow Resul “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany”, Polatowa Näzik “Üzärlikli natýurmort”, Jumamyradowa Bägül “Nejim-ed-din Kubra kümmetiniň rejelenişi”, Allanazarow Timurbek “Asuda” myhmanhanasy, Agabaýew Sani “Parahatlyk mukamy”, Joraýew Sahy “Parahatçylyk” muzeýi, Amanow Annamuhammet “Ýokary tizlikde uzak aralyga gatnaýan monorels menziliniň animasiýasy” atly  binagärlik taslamalaryny döredipdirler. Olaryň arasynda Baýram Hojaniýazowyň “Häzirki zaman bir gatly ýaşaýyş jaýynyň içki bezegi”, Orazmämmedow Ahmet “Bitaraplyk” köp ugurly ýaşaýyş jaý toplumy atly taslamasynda ýurdumyzyň ösüşini görkezýän häzirki zaman tehnologiýalar bilen üpjün edilen akylly ýaşaýyş jaý toplumlary örän ussatlyk bilen ýerine ýetirilipdir. Mundan başga-da Milana Babaýewanyň “Innowasion tehnologiýa we ylymlar merkezi”, Jennet Öwezowanyň “Parahatçylyk” çagalar dünýäsi taslamalary hem häzirki zaman ösen tehnologiýalar bilen üpjün edilip, biz ýaşlaryň okamagymyz üçin ähli mümkinçilikler döredilipdir.                           

“Bitarap Watanymyzyň gujurly ýaşlary” atly döredijilik sergisi Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyp ýaşlarynyň ajaýyp döwrümiziň ösüşini, taryhy ýadygärliklerimizi, milli mirasymyzy, edebiýatymyzy wasp etmek babatda gazanýan kämillik derejesini giňden açyp görkezýän möhüm çäredir. Biz – ýaşlaryň hünär eýesi bolup, ýurdumyzyň ösüşlerine mynasyp goşandymyzy goşmagymyza giň mümkinçilikleri döredip berýän mähriban Arkadagymyzyň jany sag, il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaç bolsun!

.

Maýsa ANNAMÄMMEDOWA,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň “Amaly-haşam sungaty” fakultetiniň “Sungaty öwreniş” kafedrasynyň 4-nji ýyl talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok