Bitaraplyk ýörelgämiz

Ählimize mälim bolşy ýaly, dekabr aýynyň 12-sine Halkara Bitaraplyk güni ilkinji sapar dünýäniň ähli ýurtlary tarapyndan bellenilýär. 2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 71-nji maslahatynda Türkmenistanyň teklibi bilen 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýip, yglan etmek barada Rezolýusiýa biragyzdan kabul edildi.

Şu günlerde Türk­me­nis­tan özü­niň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk hu­kuk ýag­da­ýy­nyň 25 ýyl­ly­gy­ny bel­le­mä­ge taý­ýar­lyk gör­ýär. Mil­let­ler Bi­le­le­şi­gi ta­ra­pyn­dan yk­rar edi­len hem-de BMG ta­ra­pyn­dan yk­rar edi­len dün­ýä­niň ýe­ke-täk bi­ta­rap ýur­dy bo­lan eziz Di­ýa­ry­myz­da he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­my­zyň şan­ly 25 ýyl­ly­gy­nyň da­ba­ra­la­ry­na taýýarlyk işleri ýokary depginde alnyp barylýar.

Edil şanly Garaşsyzlygymyz ýaly, türkmen Bitaraplygynyň hem şu günki güne çenli beren miweleri barmak basyp sanardan kän. Şu döwürde beýleki döwletler bilen bir hatarda goňşy döwletler bilen gatnaşyklar has berkedi. Häzirki güne çenli olara ynsanperwer kömekler yzygiderli berlip gelinýär. Häzirki wagtda Türkmenistan iri halkara guramalarynyň birnäçesiniň agzasy bolmak bilen ýurdumyz möhüm halkara-hukuk resminamalarynyň ençemesine goşuldy we olary talabalaýyk berjaý edýär.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň öň­den­gö­rü­ji­lik­li dip­lo­ma­tik stra­te­gi­ýa­ny üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çir­me­gi ne­ti­je­sin­de, Türk­me­nis­tan ne­ti­je­li iki­ta­rap­la­ýyn we köp­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ry alyp bar­ýar. Ýur­du­myz hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň 50-ä go­la­ýy­nyň ag­za­sy bol­mak bi­len, hal­ka­ra kon­wen­si­ýa­la­ryň, yla­la­şyk­la­ryň we beý­le­ki köp­ta­rap­la­ýyn res­mi­na­ma­la­ryň 150-den gow­ra­gy­na iş­jeň gat­naş­ýar.

Guldurdyýew Sanjar
Türkmenistanyň DIM-niň
Halkara gatnaşyklary insitutynyň
halkara žunralistika hünäriniň
3-nji ýyl talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok