Emeli seçgi sebäpli asyrlarboýy görnüşini üýtgeden gök önümler we miweler

Tebigatda daşky gurşaw faktorlarynyň netijesinde bolan tebigy seçgi, düýbünden emeli seçgi bilen çalşyryldy. Biz bu makalada emeli seçgi näme diýen soraga jogap berýän mysallary bir ýere jemledik.

Ewolýusiýa teoriýasynyň esasy bolan tebigy seçgi henizem jedelli mesele bolup durýar. Esasan, iň güýçli görnüşleriň daşky gurşaw faktorlary netijesinde ýaşamagynyň tertibi hökmünde kabul edilýär. Emeli seçgi, düýbünden adam ýa-da adam tarapyndan döredilen beýleki faktorlar sebäpli döreýän ösümlikleriň we haýwanlaryň barlygyny aňladýar. Biologiýa pudagynda täze ösüşleriň netijesinde emeli taýdan seçip almagyň mysallary günsaýyn artýar we olar gündelik durmuşda ýüze çykýar.

Gysgaça, emeli seçgi näme diýen soraga aýdyň jogap bar. Şeýle-de bolsa, bu seçgi prosesi diňe hünärmenler tarapyndan düşündirilip bilinjek prosesdir. Gündelik durmuşyň ähli ugurlarynda emeli seçgi arkaly döredilen görnüşler az däl. Adamzada has gowy iýmitlenmek we ýaşaýyş üçin gowy şert döretmek üçin niýetlenilen emeli seçgä degişli mysallary getireliň!

Garpyzyň on ýedinji asyrdaky görnüşi
Bu bolsa tebigy seçgi netijesindäki häzirki zaman garpyz
9 müň ýyl mundan ozalky mekgejöwen
Tebigy seçgi netijesinde dörän häzirki zaman mekgejöwen
Adamzat taryhy bilen ýaşytdaş reňkli badamjan
Häzirki zaman badamjan

Iňlis dilinden terjime eden:

Merdan AŞMAKOW,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen
milli dünýä dilleri institutynyň IDE fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok