«Türkmenistan» banky «Owerdraft karty» atly täze kartyň amatlyklaryndan peýdalanmaga çagyrýar

«Türkmenistan» döwlet täjirçilik banky «Owerdraft karty» atly täze bank kartynyň amatlyklaryndan peýdalanmaga çagyrýar!

«Türkmenistan» döwlet täjirçilik banky «Altyn asyr» bank kartyny saklaýjy müşderilerine bank tarapyndan hödürlenilýän gysga möhletli karzlar üçin «Owerdraft karty» atly täze bank kartynyň ulanyşa girizilendigini habar berýär.

«Owerdraft karty» nagt däl görnüşinde hasaplaşyklar geçirilende, müşderiniň «Altyn asyr» bank kart hasabyndaky pul serişdeleri ýeterlik bolmadyk halatynda, baglaşylan şertnama laýyklykda, onuň «Owerdraft kart» hasabyna kesgitlenen çäklerde awtomatik usulda gysga möhletli karzlary resmileşdirmäge mümkinçilik berýär.

Müşderiniň aýlyk zähmet haky geçýän «Altyn asyr» bank kart hasabyna serişde gelip gowşanda, bellenilen tertipde karz yzyna gaýtarylýar.

Şeýle hem, degişli şertnamanyň hereket edýän döwründe karz gaýtarylandan soňra, goşmaça şertnama baglaşmazdan, «Owerdraft karty» hasabyna karzy gaýtadan ulanmak mümkinçiligi döredilen.

Bankyň merkezi edarasy boýunça habarlaşmak üçin telefon belgisi: 44-03-04.

Şahamçalaryň salgylary we telefon belgileri bankyň www.tnbk.tm resmi internet sahypasynda görkezilen.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok