Häzirki wagtda ýurdumyzda bilimi, sporty ösdürmäge, bu ulgamlary dünýä derejesine çykarmaga uly üns berilýär. Şeýle hem, milli Liderimiziň şahsy göreldesine eýerip, sport we bedenterbiýe bilen meşgullanmaga höwesek türgenleriň, hem-de, sportuň dürli görnüşlerine gyzyklanma bildirýän ýaşlaryň sany gün-günden artýar. Çünki, munuň özi sagdyn durmuş ýörelgeleriniň pugtalandyrylmagyna, adamlaryň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegine ýardam berýär. Ýurdumuzyň sport binýadyny ýokary derejede ösdürmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Biziň hem ýaş türgenlerimiz halkara derejeli sport ýaryşlaryna işjeň gatnaşýarlar, hem-de olar gazanan medallary we ýeňişleri bilen ýurdumyzyň at-abraýyny artdyrmaga hem-de, milli sport mekdebini mundan beýläk-de kämilleşdirmek üçin uly mümkinçilikleri açýar. Mundan başga-da, Diýarymyzda her ýyl Bütindünýä saglyk güni mynasybetli, «Türkmenistan — sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy» diýen şygar astynda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek boýunça köpçülikleýin bedenterbiýe we sport giň gerimli çäreleri geçirilýär.
Eziz Diýarymyzyň häzirki wagtda şäherdir obalarynda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän köpugurly sport mekdepleridir toplumlary, paýtagtymyz Aşgabat şäherinde sebitde deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherçesi, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda köpugurly döwrebap sport toplumy, Golf sport toplumy hem-de beýleki köp sanly sport toplumlary gurlup ulanylmaga berildi.
Hormatly Arkadagymyzyň ýurdumyzda amala aşyrýan giň gerimli maksatnamalaryň özenini mydama ýurdumyzyň we jemgyýetimiziň baş baýlygy bolan adam hakyndaky alada düzýär. Sport we sagdyn durmuş ýörelgeleri bolsa adamyň ähli mümkinçiliklerini doly açmaga ýardam edýär. Şeýle hem, hormatly Arkadagymyzyň alyp barýan giň gerimli işleri netijesinde, ýurdumyzda sport muşdaklarynyň sany günbe-günden artyp jemgyýetde uly ähmiýete eýe bolýar we häzirki döwürde islendik adamyň halaýan sporty bilen meşgullanmaga giň mümkinçilikler durmuşa ornaşdyrylýar. Bu bolsa olaryň beden taýdan sagdynlygyny oňat derejede saklamaga kömek edýär. Ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesini üstünlikli amala aşyrýan milli Liderimiziň jany sag, ömri uzak, tutýan tutumly işleri elmydama rowaç bolsun!
Bilbil DURDYÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby.
Teswirler