Türkmenistanyň baky Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanyp, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň ýurdumyzyň dokmaçy gelin-gyzlarynyň arasynda bilelikde yglan eden «Zenan kalbyndan dörän nepislik nusga bolup galsyn ilden illere» atly bäsleşigiň Ahal welaýat tapgyry geçirildi. Änew şäherindäki Milli «Ak bugdaý» muzeýinde geçirilen bäsleşigiň nobatdaky tapgyryna welaýatda hereket edýän dokma senagatyna degişli kärhanalaryň işgärleri gatnaşdy.
Bäsleşigiň esasy maksady zenanlarymyzyň gadymdan gelýän däp-dessurlarymyza, edim-gylymlarymyza, urp-adatlarymyza goýýan sarpasyny, söýgüsini, şeýle-de olaryň türkmen gözelleriniň lybaslaryny gözellige besleýän ajaýyp nagyşlary döretmek boýunça ussatlygyny, şahsy başarnygyny açyp görkezmek arkaly ýaşlarda zähmetsöýerligi, zenan edebini, tebigy gözelligi, türkmen zenanyna mahsus asylly gylyk-häsiýetleri terbiýelemekden, ýaş nesilde milli nagyşly lybaslarymyza bolan höwesi artdyrmakdan ybarat boldy.
Ussat dokmaçy gelin-gyzlar bäsleşigiň «Gadymy nagyşlaryň syrlary», «Hünärim bar — hormatym bar», «Kesbi-kärim nesillere görelde» diýlip atlandyrylan şertleri esasynda çykyş etmek bilen, ukyp-başarnygyny görkezdiler.
Bäsleşigiň netijesinde, Gökdepe etrabyndaky Dokma toplumyndan gelen dokmaçy gelin-gyzlar birinji orna mynasyp boldular. Bäsleşigiň ýeňijilerine we oňa gatnaşan beýleki gelin-gyzlara Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň sowgatlary gowşuryldy.
Aýna Melejäýewa,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.
Teswirler