Deýna Uaýt: «Habib dolanar we rekordy 30-0 edermikä diýýärin. Bu onuň kakasynyň islegidi.»

UFC-niň prezidenti Deýna Uaýt ýeňil agramyň öňki çempiony Habib Nurmagomedow sport ýoluny dowam etdirer diýip hasaplaýar. Mälim bolşy ýaly, UFC 254-de Jastin Getjiden üstün çykansoň, Habib Nurmagomedow sport ýoluny tamamlaýandygyny aýdypdy.

«Habib soňky söweşini geçirdimi ýa ýok, hiç kim bilenok. Bu tälimçisine-de, beýlekilere-de doly aýan däl. 

Haçan-da, ol gidýändigini mälim edende men ör-gökden geldim: «Hudaý jan, bu näme boldugy» diýip pikir etdim.

Men şeýle diýjek: Habib bilen gürleşdim, oňa söweşden soň, duýgularyna erk etmek ýeňil bolmady.

Habib dolanar we rekordy 30-0 edermikä diýýärin. Bu onuň kakasynyň islegidi. Ol kakasynyň hatyrasy üçin şeýle edermikä diýip pikir edýärin» diýip, Uaýt gürrüň berdi.

Atajan Nazargeldiýew,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok