Welotrek boýunça Türkmenistanyň açyk çempionaty tamamlandy

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli 2020-nji ýylyň 28-31-nji oktýabry aralygynda Olimpiýa şäherjiginiň Welotrek sport toplumynda geçirilen welotrek boýunça Türkmenistanyň açyk çempionaty üstünlikli tamamlandy diýip Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň internet saýtynda habar berilýar.

Ýaryşda Saýlaw Gylyjow welotrek sportunyň git görnüşi boýunça (1000 metr) ýeňiş gazanmagy başardy. Bäsleşikde bu sportyň yza galan çykdy görnüşi boýunça (toparlaýyn start) Arazmuhammet Nurmedow ýeňiş gazandy. Welotrek sportunyň yzarlap sürmek görnüşi boýunça (ýekeleýin start) Gadam Köşiliýew we sprint görnüşi boýunça Mahmyt Aşyrow ýeňiji bolmagy başardylar.

Bäsleşikde ýeňiji bolan türgenlere sowgatlar we hormat hatlary gowşuruldy.

Baýramow Amangeldi
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň mugallymy

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok