Gurluşyk işleriniň depgini ýokarlanýar

Lebap welaýatynda 2025-nji ýyla çenli ýaşaýyş jaýy bilen üpjünçiligiň her adama düşýän meýdany 25,6 inedördül metre deň bolar. Şoňa çenli ýurduň gündogarynda 262,4 müň inedördül metre barabar ýaşaýyş jaýlary gurlar. Bu barada «Türkmen gündogary» gazeti habar berýär.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda obalaryň, şäherçeleriň, şäherleriň, etraplaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak babatdaky Milli maksatnama üstünlikli durmuşa geçirilýär. Gürrüňi edilýän sebitde hem ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynyň ýokary depginde alnyp barylýandygyny aýratyn bellemek gerek. Diňe geçen ýylyň özünde welaýat merkezinde maşgalalaryň 592-si täze jaýlaryna göçüp bardylar.

Gurluşyklaryň ýokary depginde alnyp barylmagyna hususy kärhanalar hem işjeň gatnaşýarlar. «Amul ýoly», «Belent sepgit», «Ussat peder ýörelgesi», «Altyn gül», «Asyl ýurt» we beýleki hususy kärhanalaryň onlarçasy bu ugurda alnyp barylýan işlere saldamly goşant goşýarlar.

Gülçähre Nurmedowa,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok