Ramos La Ligada 500-nji oýnuny geçirdi

Dünýä belli goragçy Ramos La Ligada 500-nji oýnuny geçirdi. Madridiň «Realynyň» kapitany Serhio Ramos, La Ligada «Ueska» garşy geçirilen duşuşykda esasy düzümde meýdana çykdy. Bu oýun 34 ýaşly futbolçy üçin La Ligada geçirilen 500-nji duşuşyk boldy. Ramos bu sepgide ýeten onunjy oýunçy boldy.

Ondan öň La Ligada diňe iki goragça — Manolo Sançise («Realyň» düzüminde 523 oýun) we Mikel Solere (504 oýun) 500 we ondan hem köp oýna gatnaşmak miýesser edipdi.

Primerada geçirilen oýunlaryň sany babatdaky rekord Andoni Subisarretdä degişlidir (622 oýun).

Hanmämmet Patyýew,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok