Mbappe dünýäniň ýaşy 21-e çenli bolan iň gymmat oýunçysy

Mbappe dünýäniň ýaşy 21-e çenli bolan iň gymmat oýunçysy, Feliks ikinji, Hawers üçünji orunda. PSŽ-niň we Fransiýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Kilian Mbappe Forbes žurnalynyň netijenamasyna görä, ýaşy 21-e çenli bolan iň gymmat futbolçylaryň sanawynda öňdäki orny eýeledi.

«Transfermarktiň», «CIES-iň» we bolup geçen transferleriň maglumatlary nazarda tutulyp 21 ýaşly hüjümçiniň transfer bahasy 183,3 million ýewro diýlip kesgitlenildi.

Ikinji orny «Atletikonyň» hüjümçisi Juan Feliks (104 million ýewro), üçünji orny «Çelsiniň» germaniýaly ýarym goragçysy Kaý Hawers (98 million ýewro) eýeledi.

Şeýle hem Alfonso Deýwis («Bawariýa», Kanada; 88,3 million ýewro), Matteýs de Ligt («Ýuwentus, Niderlandlar; 86,8 million ýewro), Jeýdon Sanço («Borussiýa» Dortmund, Angliýa 86,8 million ýewro), Erling Holland («Borussiýa» Dortmund, Norwegiýa; 68,3 million ýewro), Aşraf Hakimi («Inter», Marokko; 66,3 million ýewro), Wiktor Osimhen («Napoli», Nigeriýa; 63 million ýewro) we Ferran Torres («Mançester Siti», Ispaniýa; 57,7 million ýewro) dagy ilkinji onluga düşdi.

Şasenem Saparmuradowa,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok