Angliýada geçirilen gözlegler, itleriň soňky buz eýýamynyň ahyrynda, takmynan 11,000 ýyl ozal eldekileşdirilendigini görkezdi. Bu, itleriň adamlar tarapyndan eldekileşdirilen ilkinji haýwanlardygyny tassyklaýar.
Gözlegleri geçirýän halkara topar gadymy döwürlerden we dürli medeniýetlerden 27 itiň DNK-syny düzdi we olary biri-biri bilen we häzirki itleriň genomlary bilen deňeşdirdi. Gözleglere görä, Demirgazyk ýarym şarda ilki ýaýradylan bäş dürli görnüşi önüp ösüpdir.
Hasaplamalara görä, Ýewropa yklymynda itler Gündogardan we Sibirden gelip çykypdyr we başda dürli-dürli bolupdyr, ýöne bürünç asyry bilen bir nesil kem-kemden ýaýrapdyr. Günorta Afrikada we Meksikada doglan käbir häzirki zaman it tohumlarynyň gadymyýetleriň genetiki aýratynlyklarynyň bardygy anyklandy.
Alnan netijeleriň, ähli itleriň bir möjek toparyndan ýa-da olara gaty ýakyn birnäçe möjekden gelip çykandygy aýdylýar.
Gözleglere ýolbaşçylyk eden topardan Oksford uniwersitetiniň arheologiýa professory Greger Larson: “Itler haýwanlaryň arasynda iň köne we iň ýakyn hyzmatdaşymyz” -diýdi.
Larson: “Gadymy itlerden gözden geçirýän DNK nusgalarymyz umumy geçmişimiziň näderejede yz goýandygyny görkezýär. Bu gözleg ahyrky netijede bu çuňňur gatnaşyklaryň haçan we nireden başlandygyny düşünmäge kömek eder” -diýdi.
Gadymy genom barlaghanasynyň we Londondaky Krik institutynyň gözleg toparynyň doktor Pontus Skoglund itler üçin “özboluşly” diýýär.
Adamlar henizem awçylyk jemgyýetiniň bir bölegi bolup durýan bir döwürde, gorkunç ýabany ýyrtyjy möjekleri eldekileşdirmegiň gyzyklydygyny we munuň näme üçin zerurlygyny derňeýändiklerini belleýär.
Toýmyrat ARAZALYÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen
oba hojalyk uniwersitetiniñ talyby.
Teswirler