“Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasaty” atly geçirilen bäsleşik

TDIM-nyň Halkara gatnaşyklary institutynda  Halkara hukugy we deňeşdirme hukugy öwreniş kafedrasynyň “Ýaş hukukçylar” ylmy gurnagynyň guramagynda BMG-niň döredilmeginiň 75 ýyllygy  we  Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli institutyň  talyplarynyň arasynda “Türkmenistanyň Bitaraplyk  syýasaty” atly fakultetara bäsleşik geçirildi. 

Oňa institutyň her hünärinden wekil hökmünde bir 5 adamdan ybarat bolan topar gatnaşdy. Bäsleşik jemi 3 tapgyrda alnyp baryldy.  

Bäsleşigiň birinji tapgyrynyň düzgüni boýunça  talyplar  Birleşen Milletler Guramasy  bilen Türkmenistanyň arasyndaky  halkara hyzmatdaşlygy, BMG-niň Düzgünnamasy we onuň edaralary, sessiýalary, Türkmenistanyň Bitaraplygynyň hukuk esaslary  bilen baglanyşykly mugallymlaryň  taýýarlan  soraglaryna  jogap berdiler.

Ikinji tapgyrda toparlaryň  öz taýýarlan soraglary boýunça  özara bäsleşdiler. Bu ýerdäki ýumuşlar gatnaşyjylaryň dogry pikirleniş ukyplaryny barlamagy göz öňünde tutdy.

Şeýle-de, bäsleşýänler toparlar  bäsleşigiň üçinji tapgyrynda BMG-nyň 17 sany maksatlaryny, Türkmenistanyň Bitaraplygyny hem-de BMG-niň 75 ýyllygyny öz içine alýan prezentasiýa we wideo rolik görnüşindäki çykyşlaryny  görkezdiler. Talyplaryň dil bilimlerini ýokarlandyrmak maksady bilen rus we iňlis dillerinde geçirilen bäsleşikde, institutyň mugallymlarynda düzülen   emin agzalary döredijilik başarnyklaryna baha berip,  bäsleşigiň ýeňijilerini yglan etdiler.

Şahnoza Eminowa,
HGI-niň talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok