Aşgabatda welotrek boýunça Türkmenistanyň çempionaty başlandy

Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi bilen Milli welosiped federasiýasynyň guramagynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanyp Aşgabatdaky Olimpiýa şäherçesiniň Welotrek binasynda sportuň bu görnüşi boýunça Türkmenistanyň çempionatyna badalga berildi.

Welotrek boýunça Türkmenistanyň çempionatyna ýurduň iň gowy welosiped sürüjileri gatnaşýar. Milli çempionat welosportuň Türkmenistandaky taryhynyň esasy wakalarynyň birine öwrülip, ol milli ýygyndyny emele getirmäge mümkinçilik berer. 2021-nji ýylyň oktýabr aýynda Aşgabatda welotrek boýunça dünýä çempionatynyň geçiriljekdigini ýatladýarys.

Näzikjemal Babaýewa,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok