«RysgalPay» QR kod arkaly töleg geçirmek hyzmatyny ulanyşa girizdi

«Rysgal» paýdarlar täjirçilik banky ýurdumyzda ilkinjileriň hatarynda QR kod — dessin tassyklanýan kod tilsimatyny ulanmak arkaly, «RysgalPay» töleg geçirmek hyzmatyny ulanyşa girizdi. Bu töleg ulgamy, ilkinji nobatda, söwda we hyzmat nokatlarynda raýatlardan nagt däl görnüşde tölegleri kabul etmäge, şeýle hem raýatlaryň arasynda nagt däl pul geçirimlerini amala aşyrmaga niýetlenendir. Bu barada «Rysgal» gazeti habar berýär.

«RysgalPay» ulgamyna birikdirmek üçin söwda we hyzmat nokatlaryny ýöredýän telekeçiler we edara görnüşli taraplar bank bilen şertnama baglaşyp, «Google Play Marketde», «Apple store» ulgamynda ýa-da bankyň resmi internet saýtynda ýerleşdirilen programma üpjünçiligini mobil enjamyna ýüklemeli we gurnamaly. Bank tarapyndan berlen açar sözi hem-de SMS arkaly ugradylýan bir gezeklik kody girizip, programma girmeli. Programma tarapyndan döredilýän QR kody mobil enjamyň gönümel özünde, internet sahypasynda görkezip ýa-da çap edip, hasaplaşyk nokadynyň öňünde ýa-da başga oňaýly ýerde ýerleşdirip, tölegleri kabul edip bolýar.

Täze hyzmatyň programma üpjünçiligi köp sanly kassalary bolan söwda we hyzmat nokatlarynda birnäçe enjamda töleg kabul etmäge hem-de olara bir gözegçi tarapyndan gözegçiligi ýola goýmaga mümkinçilik berýär.

Öz gezeginde müşderiler hem, ýokarda belleýşimiz ýaly, hyzmata birikmek üçin banka ýüz tutup, programma üpjünçiligini mobil enjamyna ýükläp, gurnamaly. Soňra bank tarapyndan berlen açar söz we SMS arkaly ugradylýan bir gezeklik kod arkaly programma girmeli.

Töleg geçirmek üçin programmanyň «töleg geçirmek» düwmesine basyp, mobil enjamyň kamerasy töleg kabul edijiniň QR koduna gönükdirilýär, ýagny ol çarçuwanyň içine ýerleşdirilýär. Soňra tölegiň möçberi görkezilip, «töleg geçirmeli» düwmesine basylýar. Geçirilen töleg kabul edijiniň «RysgalPay» programmasynda dessine görünýär.

«RysgalPay» döwrebap elektron töleg hyzmatynyň ulanyşa girizilmegi milli ykdysadyýetimiz üçin oňaýly täsir edip, pul dolanyşygynyň tizligini has-da artdyrmaga ýardam eder.

Baýmyrat Sopyýew,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok