«Gülüň owadan» atly bäsleşigiň welaýat tapgyry geçirildi

Türkmenabat şäherinde Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi bilen bilelikde yglan eden «Gülüň owadan» atly bäsleşiginiň welaýat tapgyry geçirildi. Bu bäsleşige etraplardan keçe basmak senedi bilen meşgullanýan zenanlar gatnaşdylar. Bu barada Jeyhun.news habar berýär.

Bäsleşige gatnaşyjylar türkmen milli keçesini taýýarlamak bilen baglanyşykly işleri ýerine ýetirmek, ony taýýarlamak üçin zerur bolan gurallaryň atlary, olaryň ulanylyşy barada gürrüň bermek, keçä gül salmak boýunça öz aralarynda bäsleşdiler. Şeýle hem keçe bilen baglanyşykly taryhy maglumatlary, yrymlary, keçä salynýan nagyşlaryň, gülleriň taryhyndan gürrüň berýän rowaýatlary, degişmeleri, gazallary, aýdyşyklary aýtmak boýunça hem ukyp-başarnyklaryny görkezdiler.

Bäsleşigiň ýeňijilerine guramaçylar tarapyndan Hormat hatlary hem-de gymmat bahaly sowgatlar, gatnaşyjylara bolsa ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Ýeňiji bäsleşigiň Aşgabat şäherinde geçiriljek jemleýji tapgyryna gatnaşar.

Bahargül Begnazarowa,
S.A.Nyýazow adyndaky

TOHU-nyň uly mugallymy

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok