«Ak harman» hojalyk jemgyýetiniň iş depgini barha ýokarlanýar

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Ak harman» hojalyk jemgyýeti pagtany gaýtadan işläp, durmuşda gündelik ulanylýan şahsy arassaçylyk önümlerini öndürmekde baý tejribe toplady. Bu barada «Rysgal» gazeti habar berýär.

Pagtadan taýýarlanylýan gulak arassalaýjy pamyk çöpleriniň we ýüzüňi tämizlemekde ulanylýan arassaçylyk-gözellik pamyk ýassyjaklarynyň önümçiliginiň türkmen telekeçileri üçin täze ugur bolup durýandygyny bellemek gerek.

Senagat zolagynda ýerleşýän bu kärhana iň döwrebap tehnologiýa enjamlary bilen enjamlaşdyrylypdyr. Şeýle kämil enjamlar arkaly gaplama we plastmassa taýajyklaryny öndürmek işleri hem bökdençsiz alnyp barylýar. Önümleri gaplamak üçin gerek bolan plastmas gapjagazlary hem zawodyň ussahanasynda öndürilmegi işleriň sazlaşykly alnyp barylmagyna oňaýly täsirini ýetirýär.

«Ak harman» hojalyk jemgyýeti 2019-njy ýyldan başlap «Ultra Compact», «Happy», «Freshmaker», «Tocca», «Tofita», «Titiz» ýaly ugurdaş meşhur markalar bilen şertnamalary baglaşyp, olara ýokary hilli taýýar pagta önümlerini hem eksport edip başlady.

Ogulnäzik Amansähedowa,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok