“Türkmenitan-BMG: dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy üpjün etmek ugrunda hyzmatdaşlyk” atly maslahat

Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Mejlisi, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalary, Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen bilelikde guramaklarynda Türkmenistanyň Halk maslahatyndan gelip çykýan wezipeler, ýurdumyzyň Parlamentiniň işini kämilleşdirmekde Garaşsyz Türkmenistanyň taryhynda ilkinji gezek iki palataly has kämil derejedäki ulgamyň kemala gelmegi – Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň döredilmegi, Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 75 ýyllygy hem-de Türkmenistanyň baky Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli “Türkmenistan-BMG: dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy üpjün etmek ugrunda hyzmatdaşlyk” atly maslahat geçirildi. 

   Maslahatda çykyş edenler 2020-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda geçirilen Halk Maslahatynda kabul edilen möhüm çözgütleriň döwletimizde şahsyýetiň, raýatyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň üpjün edilmekligine gönükdirilen syýasatyň Türkmenistanyň Konstitusiýasy tarapyndan kepillendirilýänligi, Türkmenistanyň daşary syýasatynyň Baş ýörelgesi Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň binýatlyk düzgünlerine esaslanýandygy we ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasy bilen oňyn hyzmatdaşlygy,  şol sanda beýleki döwletler, halkara guramalary we halkara-hukuk gatnaşyklarynyň beýleki agzalary bilen gatnaşyklarynyň baş ugrunyň we gündelik amallarynyň uzakmöhletleýin maksatlara gabat gelmegine esaslanýandygy dogrusynda giňişleýin çykyş etdiler. Maslahatyň dowamynda ýerine ýetirilen aýdym-sazly çykyşlarda ýurdumyzyň ähli ulgamlardaky ösüşleri hem-de  Türkmenistanyň parahatsöýüjilikli, hoşniýetli goňşuçylyk syýasatynyň waspy beýan edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly başlangyjy bilen amala aşyrylýan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk syýasaty sebitde we dünýäde uly gyzyklanma eýe bolýar, halkara gatnaşyklary ulgamynda abraýly orny eýeleýär. “Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany” diýlip yglan edilen üstümizdäki 2020-nji ýylyň dowamynda şanly Bitaraplygyň 25 ýyllygy mynasybetli bolup geçýän maslahatlar, dabaradyr çäreler aýdanlarymyzy aýdyňlygy bilen subut edýär.

   Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar mähriban hem gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan oňyn içeri we daşary syýasatynyň has hem belent sepgitlere ýetmegini, başynyň dik, janynyň sag, ömriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.

Hatyja Döwletnazarowa,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok