Bu gün halypa şahyryň doglan güni

Diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem dünýä halkarynynyň aňynda özüniň üýtgeşik, gaýtalanmajak talanty bilen tanadan şahyrlaryň biri hem 1929-njy ýylyň 18-nji oktýabrnda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda doglan  Kerim Gurbannepesowdyr.
Kerim Gurbannepesow diňe bir şahyr hökmünde däl, eýsem ussat terjimeçi hökmünde hem halka özüni tanatmagy başardy. Ol daşary ýurt şahyrlaryndan Resul Gamzatowyň, A.S.Puşkiniň, Rabindranat Tagoryň we ýene-de birnäçe döredijilik ussatlarynyň eserlerini terjime eden. 
Şahyryň “Gumdan tapylan ýürek” , “Ýedi yaprak” , “Ata we ogul” we başga-da birnäçe eserlerdir, goşgulary halkyň aňyna mäkäm siňendir. Muny diňe bir toý-meýlislerde däl, eýsem gündelik durmuşda adamlaryň dillerinde eştmeklik oňa şaýatlyk edýär.
Şeýle asuda ýurtda ýaşamaga, döretmäge ähli mümkinçilikleri döredip berýän Hormatly Prezidentimiziň jany sag bolsun.

Yklym MYRATGULYÝEW,
TDBGI-niň mugallymy

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok