Ýurdumyzda amala aşyrylýan ylym-bilim özgertmeleriniň çäklerinde oba hojalygynyň dürli ugurlaryny ýokary taýýarlykly hünärmenler bilen üpjün etmek üçin S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde täze hünär ugurlary döredilýär. Olardan bakalawrlary taýýarlamagyň agroekologiýa, ýyladyşhana hojalygy, senagat balykçylygy, kinologiýa ugurlaryny görkezmek bolar.
Bakalawrlary taýýarlamagyň täze ugurlarynyň ähmiýeti, ýyladyşhana hojalygy taýýarlyk ugrunyň esasy aýratynlyklarynyň biri topragyň dürli görnüşlerini «ýapyk ýerde» önümçilige ornaşdyrmak esasynda, ýyladyşhana üçin gök ekinleriň şitillerini ösdürmek bilen, onda ýokary hilli hasyly ýetişdirmegi öwredýär. Bu bolsa hünärmenleriň gök ekerançylykda hasyl ýetişdirmäge täzeçe çemeleşip, ussatlyklaryny artdyrmaklaryna şert döredýär.
Agroekologiýa taýýarlyk ugrunda hem hünärmenler ekologiýa abadançylygyny üpjün etmegiň, oba hojalyk önümlerini goramagyň inçe syrlaryny öwrenýärler. Agroekologlar diňe bir oba hojalyk önümçiliginiň daşky gurşawa täsirini öwrenmek bilen çäklenmän, öndürilýän oba hojalyk önümleriniň ekologiýa taýdan arassa bolmagyny üpjün ederler. Bulardan başga-da, ýurdumyzyň balykçylyk hojalygyny ösdürmek, itleri idetmek we itşynaslygy ösdürmek boýunça kinologiýa hünärleriniň ähmiýeti ýokarydyr. Bu hünärler türkmen alabaý itlerini ösdürip ýetişdirmekde, olaryň häsiýetli aýratynlyklaryny öwrenmekde, şeýle-de ýurdumyzda balyk hojalygyny ösdürmekde uly ähmiýete eýedir.
Agarahmet Satlykow,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň mugallymy
Teswirler