Türkmen ýüzüjisi FINA-nyň howandarlygynda onlaýn ýüzüşe gatnaşdy

Halkara suwda ýüzmek federasiýasy (FINA), Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynda işleýän okuw merkezleri üçin wirtual çäreleriň birnäçesini gurady.

Kazandan (Russiýa), şeýle hem Phuketden (Taýlanddan) we Florida (ABŞ) gatnaşan suwda ýüzüjiler dürli aralyklarda ýüzüp, görkezen netijeleri bilen tanyşdyrlar.

Kazanyň suw sport toplumynda Türkmenistandan Musa Jalaýew we Demirgazyk Makedoniýaly Dawor Petrowski bilen 200 metr aralyga toplumlaýyn ýüzmekde ýaryşdy. Latwiýaly Arina Baýkowa toplumlaýyn ýüzmekde 400 metr aralyga ýüzdi. Suwda ýüzüjileriň netijelerine görä, FINA-nyň Kazandaky merkeziniň iki wekili uzak aralyklarda iň gowy netijeleri görkezdi — diýip, «Татар-информ» habar berýär.

Geljegine uly umyt baglanýan türkmen suwda ýüzüjisi Musa Jalaýew, FINA-nyň okuw-türgenleşik maksatnamasy esasynda Kazanda türgenleşýär. Bu türgen Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi, ýurdumyzyň Suw sporty federasiýasy we Halkara suw sport federasiýasy (FINA) tarapyndan bilelikde geçirilen saýlawyň netijesi esasynda saýlanyp alyndy.

Myrat Guwanjow,
TOHU-nyň talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok