Gatnaşyklaryň täze ulgamy

Ýaňy ýakynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ženewadaky edarasynyň Baş direktorynyň Diwanynyň başlygy jenap Dawid Çikwaidze bilen  sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşuk geçirildi. Oňa institutyň professor mugallymlary we talyp ýaşlary işjeň gatnaşdylar. 

Onlaýn duşuşyk BMG-niň döredilmeginiň 75 ýyllyk ýubileýi  şeýle-de Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanyp geçirildi. Duşuşygyň barşynda jenap Dawid Çikwaidze Türkmenistanyň Bitaraplygynyň özboluşly aýratynlygy barada söz açyp, oňa ýokary baha berýändigini nygtady.

Geçen 25 ýylyň içinde biziň ýurdumyz sebitde we bütindünýäde  parahatçylygy saklamakda özüniň mynasyp goşandyny goşdy. Soňky ýyllarda dünýä bileleşigi bilen özara gatnaşyklar örän ýokary derejelere çykdy. Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy esasynda 2007-nji ýylyň dekabrynda Aşgabat şäherinde BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi açyldy. Bu merkeziň açylmagy bolsa biziň ýurdumyzyň dünýä bileleşigi tarapyndan uly goldawa eýe bolýandygynyň nyşanydyr.

 Mundan başga-da ol BMG-niň gysgaça taryhy ösüşi we 75 ýyllyk ýubileýi mynasybetli alnyp barylýan işleri barada aýratyn belläp geçdi.

Laçyn HOJAÝEWA
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
halkara gatnaşyklary fakultetiniň talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok