Türkmenistanly okuwçy intellektual sport Olimpiadasynda baýrakly orny eýeledi

Türkmenabatly mekdep okuwçysy Ýusup Rozyýew aň-paýhas oýny bolan — brazil şaşkasyndan ýetginjekleriň arasynda geçirilen olimpiadada bürünç medala mynasyp boldy.

Halkara şaşka Federasiýasynyň howandarlygynda geçirilen olimpiada şu ýyl onlaýn ýagdaýynda geçirildi. Bäsleşige 16 ýurtdan türgenler gatnaşdy. Özbegistanly şaşkaçylar ýaryşyň ýarym finalynda we finalynda Ýusup Rozyýewiň bäsdeşi boldular.

Ýusup Rozyýew häzirki wagtda Türkmenabat şäherindäki 24-nji orta mekdebiň 9-njy synpynda okaýar. Şaşka bolan höwesi onda dokuz ýaşynda döreýär. Häzir ol Bäşim Kömekowyň tälim bermeginde Türkmenabatdaky 13-nji sport mekdebinde höwes bilen okaýar we şu güne çenli türgenleşigini dowam etdirýär. Ýusup Türkmenistanda geçirilen birnäçe ýaryşa, Aziýa çempionatyna gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolup gelýär. Şaşka bilen birlikde küşt hem oýnaýar. Bu ugurda oňa Leonid Rahymow tälim berýär.

Atly Garryýew,
TOHU-nyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok