Döwletliligiň kämil ýörelgesi

Ýurt Garaşsyzlygymyzyň 29 ýyllyk  baýramynyň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiz türkmen halkyna gymmatly hazynany jöwher paýhasyndan syzylyp çykan “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitabyny peşger berdi. Taryhyň kökünden gözbaş alyp, şu günlere çenli sünnälenip ýetirilen milli gymmatlyklarymyz barada söhbet açýan bu kitap biziň her birimiz, şol sanda bilim ulgamynyň işgärleri üçin has gymmatlydyr. Bu ajaýyp kitapda türkmeniň özboluşly däp-dessurlary, edim gylymlary, milli gymmatlyklary dogrusynda täsirli söhbetler bar. Ýaş nesliň dünýägaraýşynyň giňemeginde, milli ýörelgelerimiz hakynda düşünjesiniň artmagynda kitabyň orny örän uludyr.

“Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly ajaýyp kitap jemi 12 bapdan ybarat bolup, onuň üçünji bölümi ylym-bilime bagyşlanypdyr. Alym Arkadagymyz bölümdäki tymsallaryň kömegi bilen halkymyzyň ylym-bilime bolan garaýşyny täsirli beýan edipdir. Ýerleşdirilen tymsallaryň düýp manysyna düşünip okasaň, olar seni ylymlar dünýäsiniň çuňlugyna sary alyp gidýär. Adamzat ylym öwrenmek bilen dünýä akyl ýetirip bilýär. Ylym öwrenip onuň aňyrsyna çykan adam ýok. Ylym – bu kämilligiň gözbaşydyr. Bu baýlyk ynsanyň dünýägaraýşyny giňeldýär. Ýer ýüzünde bolýan wakalara, hadysalara bolan garaýşyny ösdürýär. Bizi şol çuňluga aralaşdyrýan gyzyldan gymmatly kitaplar bolup durýar. “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly täze eserde kitabyň, ylym-bilimiň ysanyýete eçilýän peşgeşi barda giňişleýin maglumatlar berilýär. Bu kitabyň her bölümi taryhy wakalara baýlygy, diliniň çeperligi, täsirliligi bilen tapawutlanýar. Ýaşlary watansöýüjilik, ynsanperwerlik, ýokary ahlaklylyk ruhunda terbiýelemekde bu kitabyň orny örän uludyr. Mähriban Arkadagymyzyň hut özi  “Ylymly- bilimli, watansöýüji kämil şahsyýetleri kemala getirmek biziň amala aşyrýan özgertmelerimiziň özenidir” diýip belleýär. Ýurdumyzyň gülläp ösmeginiň ylymly bilimli ýaş nesle baglydygyny göz öňünde tutýan hormatly Prezidentimiziň eserleriniň üsti bilen ýaşlar ylymlar dünýäsiniň täze basgançaklaryna gadam basýarlar. Olaryň bu ugurda gazanýan üstünlikleri ýurdumyzyň abraýyny belende galdyrýar.

Hormatly Prezidentimiziň täze kitabynda ata-baba dowam edip gelýän döwletlilik ýörelgeleri barada ajaýyp düşünjeleri okyja çuňňur ýetirmek maksady bilen köpsanly rowaýatlar-tymsallar getirilipdir. Hemmämize mälim bolşy ýaly, halkymyzyň müňýyllyklaryň dowammynda jemlän akyl-paýhasy, parasady rowaýatlaryň, tymsallaryň, nakyllaryň, atalar sözüniň üsti bilen saklanyp, bize gelip ýetipdir. Olary öwrenmek we ýaşlara çuňňur düşündirmek geljekki nesillerimiziň öz milli taryhyna bolan düşünjesiniň artmagyna, ata-babalarymyzdan ýol-ýörelge bolup galan dünýäniň beýleki halklary bilen dost-doganlyk gatnaşyklary ýola goýmaga we alyp barmaga oňaýly täsir eder. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, paýhasly pederlerimiziň taryhyň dowamynda döreden hem-de bize wesýet eden belent maksatlary şu günki we geljekki nesiller üçin nusgalyk bolup, olar durmuşda bolşy ýaly çeper döredijilikde hem öz beýanyny tapmalydyr. Munuň özi halkymyzyň bäş müň ýyllyk taryhynyň dowamynda toplan baý tejribesiniň we döreden mümkinçilikleriniň oýlanyşykly peýdalanmagynda aýratyn ähmiýete eýedir. Milli Liderimiziň täze kitabynda hem şu ugra möhüm üns berilýär.

“Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany” ýylynda çap edilen “Türkmeniň döwletlik ýörelgesi” atly ajaýyp eser ýaşlarda kitaba we kitap okamaga bolan höwesi oýandyrýar. Olaryň Watana, halka, topraga bolan söýgüsini, halkymyzyň milli medeniýetine, däp-dessuryna, milli şahsyýetlerimize bolan guwanjyny artdyrýar. Bu bolsa ýaş nesliň hakyky watançy ýaşlar bolup kemala gelmeginde möhüm orny eýeleýär.

Halkymyzyň döwletlilik ýörelgeleri barada ajaýyp eseri peşgeş berendigi üçin ähli halkymyz bilen bir hatarda, biz bilim  işgärleriniň hem hormatly Prezidentimize alkyşymyz çäksizdir. Goý, Mähriban Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun!

Azym ÖWEZOW,
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň iňlis dili we edebiýaty fakultetiniň öwreniji mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok