Türkmen sportynyň ussatlary döwlet sylaglaryna mynasyp boldular

Ýaňy ýakynda ýurt Garaşsyzlygymyzyň 29 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli türkmen sport ussatlarynyň birnäçesi döwlet sylaglaryna we hormatly atlaryna eýe boldy. 

«Watana bolan söýgüsi üçin» medalyna Türkmenistanyň Bilýard sport federasiýasynyň başlygy, baş tälimçisi, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi, Aşgabat şäher häkimliginiň Olimpiýa şäherçesiniň dolandyryş müdirliginiň «Sport» myhmanhanasynyň başlygy Batyr Aşyrowyň,  Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebiniň direktory, Türkmenistanyň Küreklemek federasiýasynyň ýolbaşçysy Juma Jumaýew, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň Aşgabat şäher sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň 2-nji sport mekdebiniň tälimçi-mugallymy Atamyrat Hudaýberdiýew, «Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi» diýen hormatly ada Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň Aşgabat şäher sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň 8-nji sport mekdebiniň tälimçi-mugallymy Baýrammuhammet Ataýew  mynasybet boldular.

          Döwlet sylaglaryna we hormatly atlaryna eýe bolan sport ussatlary «Türkmen sporty» gazetiniň habarçysy bilen bolan söhbetdeşlikde milli Liderimiziň sport bilen meşgullanmaga döredip berýän giň mümkinçilikleri, bu ugurda alyp barýan oňyn özgertmeleri üçin özleriniň ýürek buýsançlaryny beýan etdiler. Halypa tälimçileriň bu buýsançnamasy «Türkmen sporty» gazeti 2020-nji ýylyň 3-nji oktýabrynda çykan sanynyň 4-nji sahypasynda çap edildi.

Toýly Jänädow

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok