Paýtagtymyzyň «Altyn Asyr» topary taryhynda altynjy gezek ýurdumyzyň Naýbaşy kubogyny gazanmagy başardy

Paýtagtymyzyň «Altyn Asyr» topary taryhynda altynjy gezek ýurdumyzyň Naýbaşy kubogyny gazanmagy başardy. Ýazguly Hojageldiýewiň tälim berýänleri «Aşgabat» köpugurly stadionynda geçirilen duşuşykda «Ahaldan» üstün çykmagy başardylar. Ikitaraplaýyn hüjümlerde geçen duşuşygyň esasydyr goşmaça wagtlary 1:1 hasabynda tamamlandy. Oýundan soňky bellenen 11 metrlik urgularynda bolsa şowlulyk paýtagtymyzyň toparynyň tarapynda boldy. Bu barada «Türkmen sporty» gazetiniň 2020-nji ýylyň 3-nji oktýabrynda, şenbe güni çykan sanynyň 5-nji sahypasynda habarçy Orazgeldi Geldiýew habar berýär.

Duşuşygyň ilkinji minutlary «Ahalyň» hüjümlerinde geçdi. Munuň özi düşnüklidi, toparyň hüjümine jogap berýän oýunçylarynyň ählisiniň diýen ýaly tejribe ýüki ýetikdi. Öňde çykyş eden Murat Ýakşiýewe Artur Geworkýanyň, Elman Tagaýewiň hem-de Guwanç Abylowyň ýardamy örän uludy. Oýnuň bäşinji minutynda E.Tagaýewiň depen topy derwezeden sowa geçen bolsa, dokuzynjy minutda G.Abylowyň urgusyndan soň top derwezede gaýmalady. Ýöne duşuşygyň emini Resul Mämmedow oýundan daşardaky ýagdaýyň bolandygy bilen bagly goly hasap etmedi. Şondan soň «Altyn Asyra» azda-kände bolsa-da oýny meýdanyň ýarpy gürpüne geçirmek başartdy. 28-nji minutda yzygiderli hüjümleriň birinde G.Abylow çep gyradan M.Ýakşiýewe tapawutlanmaga gowy mümkinçilik döretdi. Ýöne milli ýygyndymyzyň hüjümçisiniň depen topy ýene-de sowa geçdi. «Ahal» hernäçe hüjüm etse-de, birinji ýarymyň iň howply pursadyny «Altyn Asyr» döretdi. Şol pursat duşuşygyň 40-njy minuty dowam edýärdi. Toparyň ezber oýunçysy Altymyrat Annadurdyýewiň gyradan meýdançanyň merkezine geçiren topuna ilki ýetişen Mihail Titowyň urgusyna azda-kände şowlulyk ýetmedi. Duşuşygyň ikinji ýarymynyň ilkinji howply pursady «Altyn Asyryň» derwezesiniň öňünde döredi. Şonda derwezeçi bilen bir-bire çykan G.Abylow pursatdan peýdalanmagy başarmady. Şondan soň hüjümlerini has-da ýygjamladan «Ahal» duşuşygyň 68-nji minutynda hasaby açdy. Şol pursatda Gurban Annaýewiň daş aralykdan depen topuny ynamsyz kabul eden Mämmet Orazmuhammedow topy gapan ýaly etse-de, ony elinden sypdyrdy – 1:0. Şondan soň hüjüm nobaty «Altyn Asyra» geçdi. Dessine hasaby deňlemeseň, wagtam azalmak bilendi. Ine-de, nobatdaky hüjüm. «Ahalyň» goragçylaryna kynlyk bilen hem bolsa topy meýdanyň daşyna gaýtarmak başardýar. Şol pursadyň yzysüresi burçdan geçirilen topa ilki bilen ýetişen Mekan Saparow hasaby deňledi. Ikinji ýaryma goşulan goşmaça wagtda «Altyn Asyr» arzyly ýeňşi gazanmaga örän ýakyn geldi. Şonda A.Annadurdyýewiň gyradan geçiren topuna ilkinji ýetişen Merdan Muhadowda gowy mümkinçilik döredi. Ýene-de şowsuzlyk. Indi ýeňiji goşmaça wagtlarda kesgitlenmelidi. Ýöne toparlaryň ikisi-de esasy ünslerini goragda jemlänlerini kem görmediler. Goşmaça ýarymlaryň ikisinde hem döredilen howply pursatlar barmak büküp sanardan azdy. Şol az sanly hüjümleriň birinde paýtagtymyzyň topary A.Annadurdyýewiň urgusyndan soň öňe saýlanyp biljekdi. Ýöne onuň depen topuny Batyr Babaýewiň goraýan derwezesiniň sütünüsti kabul etdi. Şondan soňky edilen hüjümler netije bermedi… Ine-de, oýundan soňky 11 metrlik urgulary. Ilki topy «Ahalyň» ýarym goragçysy Elman Tagaýew depdi – 1:0. Begmyrat Baýowyň depen topy hem derwezede gaýmalady – 1:1. Murat Ýakşiýew bilen Begenç Akmämmedowyň depen toplary hem netije getirdi – 2:2. «Ahalyň» goragçysy Serdar Annaorazowyň depen topunyň ugrunda bolsa M.Orazmuhammedow peýda boldy – 2:2. Indi nobat Ahmet Ataýewe geldi. «Altyn Asyryň» ýarym goragçysynyň depen topy paýtagtymyzyň toparyny öňe saýlady – 2:3. Gurbanguly Aşyrow bilen Mekan Saparowyň ikisi-de netije getiren urgyny geçirdiler – 3:4. Toparynyň bäşinji urgusyny geçiren Artur Geworkýan sowukganlylyk görkezdi – 4:4. Nobat Altymyrat Annadurdyýewe geldi. Duşuşygyň dowamynda garşydaş topary aldym-berdime salan hüjümçiniň depen topy netijäni kesgitlemelidi. Bu şeýle-de boldy – 4:5. Şeýlelikde, «Altyn Asyr» arzyly kubogy soňky alty ýylda altynjy gezek eýelemegiň hötdesinden geldi.

                    «Altyn Asyr» – «Ahal» – 1:1 (goşm.w. 1:1; 11 m.j.u. 5:4)

 Gollar: 73  Mekan Saparow («Altyn Asyr») – 68 Gurban Annaýew («Ahal»)

 Duýduryşlar:  32 Myrat Annaýew, 88 Ahmet Ataýew, 113 Mekan Saparow   

                          («Altyn Asyr») – 12 Gurban Annaýew,  28 Guwanç Abylow,

                          56 Elman Tagaýew, 85 Pirmyrat Sultanow («Ahal»)

Geçirilen ýeri: «Aşgabat» stadiony, merkezi meýdan (Aşgabat ş.) Duşuşygyň emini: Resul Mämmedow (Aşgabat ş.)

Toýly Jänädow

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok